Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Garagum kanalynyň suw howdanlarynda suwuň mukdary soňky iki onýyllykdaky iň pes derejelerine çenli azaldy

0

2023-nji ýylyň tomsunda Garagum kanalynyň orta we aşaky akymlaryndaky suw howdanlarynda suwuň mukdary soňky iki onýyllykdaky iň pes derejelerine çenli azaldy. Bu barada howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 14-nji sentýabrda habar berdi.

Bu döwürdäki satellit suratlaryny seljeren neşir mundan ozalky döwre degişli maglumatlaryň ýokdugyny belläp, esasanam Köpetdag suw howdanyndaky suwuň mukdarynyň şu tomus soňky 22 ýyldaky iň pes derejeleriniň birine çenli azalandygyny aýtdy.

“Howdandaky suwuň mukdary bahar paslynyň dowamynda ýiti derejede azaldy. Taslama boýunça tutýan meýdany 33 km2-e deň bolan suw howdanynyň meýdany 25-nji aprelde 25,5 km2-e barabar boldy... Awgust aýynda düýpli üýtgeşmeler bolmady. 29-njy awgustda (düşürilen satellit suratlarynda) onuň meýdany 15,6 km2-e çenli kiçeldi” diýlip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.

Neşir Türkmenistanda ekin meýdanlarynyň köpüsini suwarýan Garagum kanalynyň orta we aşaky akymlaryndaky beýleki suw howdanlarynda, Howuzhanda hem ýagdaýyň gowy däldigini belleýär.

Neşir iň görnükli ýagdaýa, 2021-nji ýylyň tomsunda açylan Bereket etrabyndaky suw howdanynda synlasa bolýandygyny belleýär. Satellit arkaly 5-nji martda düşürilen suratlarda howdandaky suwuň derejesi onuň taslamadaky tutýan meýdanyna golaý bolan bolsa, 22-nji awgustda tas ýok diýen derejede azaldy.

"Meteožurnal” neşiri şu tomusda Amyderýanyň akymynyň ýokary bolandygyna garamazdan, suw howdanlarynda suwuň derejesiniň peselmegi bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykandygyna hem ünsi çekdi.

Türkmenistanyň iň uzyn emeli derýasy hasaplanýan we uzynlygy 1440 kilometr töweregi bolan Garagum kanaly öz gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýar. Kanal Lebap welaýatynyň Başsaka şäherçesiniň çäginden uç alyp, Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlaryna çenli uzap gidýär.

“Meteožurnalyň” çap eden maglumaty Türkmenistanda agyz suwy we oba hojalyk suwlarynyň üpjünçiligi bilen bagly meseläniň, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has-da ýaramazlaşan döwrüne gabat geldi. Bu barada Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri şu ýylyň martyndan bäri yzygiderli habar berýärler.

Paýtagtda we welaýatlarda ilatyň agyz suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan köpçülikleýin kesildi. Şeýle-de, häkimiýetler suw ýetmezçiliginiň ýitileşmeginiň fonunda, suw çüwdürimlerini hem öçürdiler.

Mundan başga-da, şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda paýtagtlylaryň ençemesi Aşgabat kanalynyň suwunyň azalmagyna alada bildirip, şäheriň demirgazygynda ýerleşýän, il arasynda "Gurtly köli" atlandyrylýan, Gurtly suw howdanynyň suwunyň derejesiniň-de ep-esli peselendigini aýtdy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurdy.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri ýurtda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak meselesini wagtal-wagtal gozgaýarlar. Ýöne olar suw üpjünçiligindäki problemalary aç-açan boýun almaýarlar.

Bu aralykda, Owganystanda Amyderýadan gözbaş aljak iri suw kanalynyň gurluşygyna girişilmegi bilen öňümizdäki ýyllarda hususan-da Türkmenistanda we Özbegistanda Amyrderýanyň suwunyň ep-esli çekiljekdigine alada bildirilýär. Türkmen metbugatyna görä, ýurduň suw üpjünçiliginiň tas 95 göterimi Amyderýa garaşly galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о реконструкции крымской Алупки


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин и Патриарх Кирилл посетили фестиваль «Пасхальный дар»



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Black Sabbath

Как бы это звучало, если бы Black Sabbath записали песню Долли Партон (Dolly Parton) "Jolene"?




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Погода в Твери сегодня: сильный ветер праздник не испортит



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России