Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Toguň töleglerini geçirmedik hojalyklaryň üpjünçiligi kesilýär, abatlaýyş üçin pul toplanýar

0
Toguň töleglerini geçirmedik hojalyklaryň üpjünçiligi kesilýär, abatlaýyş üçin pul toplanýar

Bakan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde sarp edilen elektrik energiýasynyň degişli töleglerini geçirmedik hojalyklaryň üpjünçiligi kesilýär. Şol bir wagtda, jemagat hojalyklary güýz-gyş ýyladyş möwsüminiň öň ýany, ýyladyş gazanlaryny abatlamak üçin we beýleki abatlaýyş işleri üçin hojalyklardan 100 manat möçberinde öňünden pul toplaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda has köp hojalyklaryň hojalyk hyzmatlarynyň, şol sanda tok, gaz we suw üpjünçiliginiň aýlyk töleglerini geçirmekde kösenýändikleri barada habarlar gowuşýar.

“Geçen hepdäniň dowamynda, elektrik energiýasynyň we beýleki hojalyk hyzmatlarynyň bergisi 2 müň manatdan aşan 147 hojalygyň elektrik liniýasy kesildi. Töleglerini geçirmedik hojalyklara 1-nji oktýabra çenli möhlet berildi” diýip, bir üpjünçilik kärhanasynyň hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Maglumata görä, şäher elektrik üpjünçilik kärhanasy karzlaryny berlen möhlete çenli wagtynda geçirmedik hojalyklara goşmaça jerime töleglerini töletdirmek haýbaty bilen duýduryş berýärler.

Şu günler ýurduň dürli sebitlerinde elektrik we gaz üpjünçilik kärhanalary ilat tarapyndan sarp edilen energiýa serişdeleriniň töleglerini ýygnamak işlerini batlandyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan şäher elektrik üpjünçilik kärhanasynyň işgäri tomus aýlarynda esasan elektrik energiýasynyň bergileri üýşen hojalyklaryň köpdügini aýdýar.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ozal ilata mugt berlen tok, gaz we suw ýaly ýeňillikler tölegli edildi. Türkmen hökümeti hojalyk hyzmatlarynyň tölegli görnüşe geçirilmegini ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy bilen hem-de bazar ykdysadyýetiniň talaplary bilen düşündirdi. Bu aralykda, ýurt boýunça hojalyklara sarp edilen elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň mukdaryny ölçeýji enjamlary oturtmak işlerine bat berlipdi.

Ýurtda ykdysady kynçylyklar dowam edýän wagtynda girizilen tölegler köp sanly eli ýuka hojalyklar üçin goşmaça agram saldy.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy geçen hepdede bu sebitde hem hojalyk hyzmatlary üçin töleg ýygymlarynyň batlandyrylandygyny, köp sanly maşgalalaryň sarp edilen energiýa serişdeleri üçin töleglerini geçirmäge gurbunyň çatmaýandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Türkmenbaşy şäherinde jemagat hojalyklary öňümizdäki güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk işlerine girişýärler. Munuň bilen baglylykda, şäherdäki käbir ýyladyş gazanlaryny hem-de gaz we elektrik geçirijilerini abatlamak göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy geçen hepdäniň dowamynda jemagat hojalyklarynyň işgärleriniň abatlaýyş işleri üçin her hojalykdan goşmaça 100 manat möçberinde pul toplamaga başlandygyny habar berýär.

Jemagat müdirlikleri şäheriň sekiz töweregi umumy ýyladyş gazanlarynyň abatlaýyş işlerine mätäçdigini aýdýarlar.

Ýerli jemagat hojalyklary nobatdaky güýz-gyş ýyladyş möwsüminiň 10-njy oktýabrda resmi taýdan açylýandygyny we şoňa çenli abatlaýyş işlerini tamamlamagyň zerurdygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň şäher ýerlerinde esasan umumy ýyladyş ulgamlaryndan, etrap we oba ýerlerinde bolsa, özbaşdak ýyladyş ulgamlaryndan peýdalanylýar.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan jemagat müdirlikleriniň işgärleri Türkmenbaşy şäherinde hojalyklaryň diňe 20 göterimden gowragynyň öýleriniň umumy ýyladyşa birikdirilendigini, galan 80 göteriminiň özbaşdak ýyladyş ulgamlaryndan peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.

Ilatyň elektrik energiýasy we tebigy gaz üpjünçiliginiň tölegli görnüşe geçirilmegi bilen, Türkmenbaşy şäherinde hojalyk hyzmatlary bilen üpjünçilik kärhanalary ilat arasynda öýlere oturdylan tok hasaplaýjylardan sowa geçip, elektrik energiýasyndan “ogryn” peýdalanýan hojalyklaryň ýüze çykarylýandygyny aýdýarlar.

Elektrik energiýasy bilen üpjünçilik kärhanasynyň bir hünärmeni şäher boýunça elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde 70 göterim töweregi ýitginiň hasaba alnandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy hojalyk hyzmatlarynyň ýagdaýy we ilatyň elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçiligi baradaky habarlar boýunça Türkmenbaşynyň şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Состоялась премьера песни Гульдарии Юсуповой


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Концерт

Концерт "Восхождение к Ноеву Ковчегу" пройдет в зале "Святодуховский" 30 мая




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Спорт объединяет поколения: в Москве прошёл праздник ко Дню Победы для детей с ОВЗ


ATP

Российский теннисист поднялся на две позиции в топ-10 рейтинга ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Парк «Пехорка» признали самым посещаемым в Подмосковье за неделю



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России