Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Häkimiýetler ilata prezidentiň portreti we beýlekiler üçin bikanun salgyt salmagyny 'güýçlendirýär'

0

Azatlygyň habarçysynyň habaryna görä, Türkmenbaşynyň mekdeplerinde ýene prezidentiň portretleri çalşyrylýar. Ýöne ilatyň goşmaça çykdajylary diňe portret tölegleri bilen çäklenmeýär, olara soňky döwürde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy üçin toplanýan pullar hem girdi we soralýan puluň hökmany suratda berilmegi işiňi ýitirmek gorkusy bilen bagly.

Türkmenbaşynyň mekdeplerinde ýene prezident portreti, Gurbanguly Berdimuhammedowyň adyny göterýän Haýyr-sahawat gaznasy üçin we pagta ýygymy, bag ekmek çäresi, Hazar etrabynda gurulýan metjit üçin mugallymlardan pul ýygnalýar diýip, Azatlygyň habarçysy şu güni irden habar berdi.

Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen magaryf işgäriniň tassyklamagyna görä, pedagoglar we bilim edarasynyň beýleki işgärleri döwletiň geçirýän çärelerine maddy goşant goşmaga mejbur edilip, bu gezek öňkülerinden köp, adam başyna jemi 250 manat möçberinde pul geçirmeli boldular. 

“Ol ýa-da beýleki çäre üçin her aýda diýen ýaly pul ýygnalýan hem bolsa, bu gezekki salgyt az aýlykly adamlara has agyr düşdi” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan mugallym aýtdy.

Pul diňe portret ýa sahawat gaznasy üçin däl, eýsem, mekdepleriň abadançylygy üçin hem ýygnalýar we bu praktika sowet ýyllaryndan uç alýar. Emma soňky onýyllyklarda mekdepleriň bejergisi we beýleki zatlar üçin üçin ýygnalýan pullaryň yzygiderli köpelendigi habar berilýär. Şol bir wagtda, bo köpeliş hemme adama deň agram salmaýar. 

Azady köçesiniň ugrunda ýerleşýän 1-nji, 3-nji we 5-nji mekdepler oktýabr aýynda mekdepleriň ýyladyş ulgamlary üçin mugallymlardan, garawullardan, bagbanlardan, tämizçilerden we ýokary synp okuwçylaryndan pul toplady diýip, habarçy öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, umumy ýyladyş ulgamlarynyň köçedäki liniýalarynda yzygiderli problema, bökdençlik döreýär. Netijede, gürrüňi edilýän mekdepler öz işgärlerinden we okuwçylaryndan 200 manatdan pul ýygnap, özbaşdak ýyladyş gazanyny gurdurdylar.

5-nji mekdebiň mugallymlarynyň ýagdaýy gowy, sebäbi ol mekdep daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylan görnüşde öwredilýän ýeri we, bu mekdepde esasan gurply diýilýän adamlaryň çagalary okaýar diýip, habarçy aýtdy.

Mundan başga, Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylan görnüşde öwredilýän mekdeplerinde işleýän mugallymlar, para köp berlensoň, 200-300 manadyň gürrüňini etmeýärler. Ýöne bu pul beýleki mekdepleriň mugallymlary, hususan-da az aýlykly mugallymlar üçin maşgala býujetine urlan agyr zarba bolýar diýip, mugallymlaryň ýagdaýyny gowy bilýän synçy aýtdy.

“Dilleriň çuňlaşdyrylan görnüşde okadylýan mekdepleri paranyň açyk alynýan ýeri, o taýda işleýän mugallymlar 200-300 manadyň gepini etmeýär, emma beýleki mekdepleriň mugallymlary pul ýygymlaryndan gat nägile boldy” diýip, bir mugallym aýtdy.

Türkmenistanda prezidentiň portreti, bag ekmek we beýlekiler üçin ýygnalýan serişdeleriň möçberi, olaryň näme sebäpden köpelýändigi belli däl. Ýöne synçylar bu serişdelerden bähbit görýän adamlaryň hem bardygyny, pul ýygnamagyň häkimiýetlere ýakyn durýan adamlaryň bir toparynyň biznesine öwrülendigini aýdýarlar.  Emma Azatlyk, maglumatlaryň ýapyk saklanmagy sebäpli, portret biznesiniň we beýleki ýygnalýan pullaryň arkasynda duran anyk adamlar, olaryň girdejisi we döwlete töleýän salgytlary baradaky maglumatlary alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин принял участие в параде Победы на Красной площади





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о комфортных автопутешествиях


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: фронтовики и труженики тыла внесли бесценный вклад в защиту Родины



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Поклонники в печали! Анастасию Волочкову засняли на Мальдивах в трауре




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»

Махачкалинское «Динамо» победило «Химки», «Родина» сместила «Арсенал» с 4-го места


WTA

Александрова не смогла обыграть Саснович и покинула турнир WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Психолог Базарова назвала симптомы выгорания у детей



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России