Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Maryda “Altyn Asyr” arkaly jaň etmek, SMS ibermek, Internetden peýdalanmak kynlaşdy

0

Türkmenistanda ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň hili ýene ýaramazlaşdy. Şu günler Mary welaýatynyň ýaşaýjylary telefon jaňlarynyň hiliniň we Internetiň tizliginiň juda peselendigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Adamlar beýleki abonente jaň etmek üçin, onuň belgisine azyndan 10-12 gezek aýlamaly bolýarlar. Iň ýaman ýeri bolsa, jaň gidirip, ýaňy gürleşip başlaýaň welin, dessine ara kesilýär. Biz zordan salamlaşyp ýetişýäris” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Marylylar bu ýagdaýlar bilen yzygiderli, günde ençeme gezek ýüzbe-ýüz bolýarlar. Kähalatda ýaşaýjylaryň jaň edýän abonenti “öçürilmedik” bolsa-da, “öçürilendigi” aýdylýar.

“Diňe jaň etmekde däl-de, eýse SMS hatlaryny ibermekde hem kynçylyk bar. SMS ugratmakçy bolsaň, şol bir SMS-i yzygiderli 6-7 gezek ibermeli bolýar. Bir sapar ugratsaň barman hem bilýär. Köplenç şu gün iberen SMS-iň ertesi güni barýan halatlary hem bolýar. Käte bolsa, hiç barman hem bilýär” diýip, maryly başga bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Sebitde Internetiň tizligi hem barha ýaramazlaşýar. Bu ýagdaýy, Türkmenistanda ilata mobil Interneti hödürleýän “Altyn Asyryň” we öý Internetini hödürleýän “Türkmentelekomyň” hyzmatlarynda hem synlasa bolýar.

“Marynyň häkimiýetleri Interneti hem gaty gysýarlar. Häzir döwlet tarapyndan ilata hödürlenýän mobil we öý Internetleri arkaly IMO messenjerinden hem kadaly peýdalanyp bolmaýar. Bu ýurtda VPN-siz işleýän ýeke-täk messenjerdir. Bu messenjer arkaly-da, daşary ýurtlarda okaýan ýa işleýän çagalarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bilen gürleşmek kynlaşdy” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, VPN ulgamlaryndan peýdalanyp, ýurtda petiklenen beýleki messenjerlere girmek arkaly, belli bir derejede habarlaşyp bolýar. Ýöne bu usuldan peýdalanmak, ykdysady kynçylyklardan we giň ýaýran işsizlikden ejir çekýän köp maşgalanyň maddy mümkinçiliginden has ýokary bolýar.

“VPN ulgamyndan peýdalanmak gaty gymmat. Ony bir aýlyk telefonuňa gurnatjak bolsaň, 500-600 manat tölemeli. Ony ulanýanlar gaty az. Sebäbi her aý WiFi ulgamy üçin hem 180-200 manat töleseň, bu jemi 800 manada golaý bolýar. Bu pul, köp adamyň tas bir aýlyk girdejisidir” diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

“TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” we “Türkmentelekom” hyzmatlaryň hiliniň ýaramazlaşmagy we onuň sebäpleri barada ýaşaýjylara aç-açan maglumat ýa düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň bu barada kärhanalaryň ýerli edarasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.

Türkmenistanlylar “Altyn Asyryň" hyzmatlarynyň hiliniň pesliginden öňden bäri şikaýat edip gelýärler. Ýöne şeýle şikaýatlar soňky ýyllarda has-da ýygjamlaşdy. Awgust aýynda Balkan welaýatynyň Düwünçi obasynyň ýaşaýjylary mobil aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlarça kilometr ýol sökmeli bolýandyklaryny gürrüň berdiler.

Mundan başga-da, soňky aýlarda ýurtda mobil telefonlar üçin sim-kartlaryň gytçylygy hem emele geldi. Geçen hepde Azatlygyň habarçylary sim-kart satýan nokatlarda nobatlaryň indiki ýylyň bahar aýlaryna çenli uzandygyny habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda mobil we Internet hyzmatlarynyň hiliniň peselmegi, şeýle-de sim-kart gytçylygy barada dymyşlygyny saklaýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýe bolan "Altyn Asyr" ozalky ýyllarda "MTS - Türkmenistan" mobil operatory bilen bäsleşýärdi. Russiýanyň MTS mobil operatory 2005-2010-njy ýyllar aralygynda we 2012-2017-nji ýyllar aralygynda 10 ýyl töweregi Türkmenistanda öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürledi. Ýöne kompaniýa 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistandan çekilmeli boldy.

2017-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň ýurtdan gysylyp çykarylan "MTS-Türkmenistan" kompaniýasynyň ýerine "Aý-Nazar" atly täze mobil ulgamyny döretmegi planlaşdyrýandygy barada maglumatlar peýda boldy.

Şonda resmi media bu pikiriň ýurduň prezidenti tarapyndan goldanandygyny habar berdi. Ýöne aradan alty ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, şondan bäri bu barada hiç hili gürrüň gozgalmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин поздравил ветеранов и всех жителей Москвы с Днем Победы





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о реконструкции крымской Алупки


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Оркестр

Оркестр сыграет под окном. Как встретит День Победы ветеран Жорес Артёмов




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


ATP

Российский теннисист поднялся на две позиции в топ-10 рейтинга ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Песков рассказал, как аномальная погода повлияла на парад Победы в Москве



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России