Ysraýyl Gaza şäherine zarbalary urýar, müňlerçe adam öýlerini terk etdi
9-njy noýabrda Ysraýyl Gaza şäherine howa zarbalary urdy. Esgerler Hamas jeňçileri bilen köçeme-köçe söweşleri alyp barýar. Bu aralykda, onlarça müň palestinaly öýlerini terk edip, günorta tarap aşýar.
BMG-niň maglumatyna görä, bir aýdan hem aşa wagt dowam edýän zarbalardan soň, ýüzlerçe müň adam uruş zonasynda ýeterlik iýmitsiz we suwsuz, “agyr gumanitar ýagdaýda” gabalgy bolmagynda galýar.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Gazada ok atyşyklary bes etmek baradaky mümkinçilikleri ençeme gezek ret etdi.