Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

"Biz Alsuny syýasy tussag hasaplaýarys." Nastoýaşeýe Wremýa telekanalynyň direktory AÝ/AR-nyň Russiýada saklanan žurnalisti barada

0

18-nji oktýabrdan bäri Russiýada tussaglykda saklanýan Azatlyk Radiosynyň Tatar-başgyr gullugynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň adamsy onuň “syýasy tussagdygyny” aýtdy.

“Nastoýaşeýe Wremýa” telekanalynyň ýolbaşçysy Pawel Butorin aýaly Alsu Kurmaşewanyň Kazanda saklanaly bäri ilkinji gezek interwýu berdi. Pawel hem Alsu çagalary bilen bilelikde, köp ýyldan bäri Pragada ýaşaýarlar we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda işleýärler.

Pawel beren interwýusynda Alsunyň näme üçin Russiýa gitmäge mejbur bolandygy, tussag edilenden bäri maşgalasy bilen aragatnaşyk saklaýandygy we tussag edilmeginiň tatar dilini goramak boýunça alyp barýan işleri bilen baglanyşygy barada gürrüň berdi.

– Häzir siziň Alsu bilen nähilidir gatnaşygyňyz barmy, ony goldaýan bolsaňyz, nähili gatnaşyk saklaýarsyňyz?

– Aragatnaşyk saklaýarys, ýöne onuň bilen gönüden-göni baglanyşyk ýok. Barlagdan geçýän tölegli Internet ulgamy arkaly birikdirme bar. Muňa garamazdan, onuň ýazmagyna görä, käbir çäkli maglumatlaryň bardygy aýdyň bolýar, onuň bize diňe aýtmagy zerur hasaplaýan maglumatlary geçýär. Onuň tussaglykda saklanyş şertleri barada, käbir maglumatlarymyz bar.

– Mümkin bolsa, Alsunyň Orsýete näme üçin gidenini sorap bolarmy? Soňra-da, şu ýylyň iýun aýynda, ilkinji gezek saklanandan bäri, nähili wakalar bolup geçdi?

– Alsu Russiýa maý aýynyň ortalarynda, maşgala ýagdaýy sebäpli gitdi. Ol bu sapary bilen töwekgelçilik edýänine doly düşünýärdi. Muňa garamazdan, biziň köpimiziň maşgalamyzyň öňünde borjumyz bar, şonuň üçinem ol Russiýa gitmegi ýüregine düwdi.

Onuň dolanmaly wagty ýetip gelýärdi, ol Russiýadan yzyna uçmalydy, ony aeroporta gelende sakladylar. Onuň derrew pasportlarynyň ikisini-de elinden aldylar – amerikan we rus pasportyny we telefonyny aldylar. Biz onuň şahsy maglumatlaryna gödeklik bilen aralyşandygyny bilýäris. Soňra ony Russiýanyň häkimiýetlerine ABŞ-nyň graždanlygy barada habar bermändigi üçin aýypladylar.

Häzir bu Russiýada jenaýat işi hasaplanýar, soňky iki ýylyň içinde olar muny administratiw hukuk bozulmasyndan, jenaýat işi toparlara geçirdiler. Şondan bäri-de, ol bu wagta çenli jenaýat işinde aýyplanýardy.

Şol ýönekeý ýagdaýy bäş aýa çekdirdiler. Ahyrsoňy kazy örän az jerime saldy. Alsu eýýäm öz pasportlarynyň yzyna berilmegine garaşýardy. Bizem bu ýerde günleri we hepdeleri sanadyk. Ine, bir günem, bu 18-nji oktýabrda boldy, ýüzi maskaly adamlar gelip, ejesiniň gapysyny kakyp, ony alyp gidýärler. Ahyrynda oňa eýýäm başga aýyplama ýükleýärler. Ol indi “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmandygy baradaky madda boýunça aýyplanýar [eger kazyýet Alsunyň günäsini dogry diýip karar çykarsa, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek howpy bar – NW).

– Bu Russiýada ilkinji ulanylýan madda. Bu nämäni aňladýar, siz bu soraga nähili jogap berýärsiňiz – Alsunyň işi Jenaýat kodeksiniň şu maddasyna laýykmy?

– Bilşimiz ýaly, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda biziň köp sanly kärdeşlerimiz "daşary ýurt agentleriniň" sanawynda durýar, emma bu sanawy Orsýetiň Adalat ministrligi Daşary işler ministrligi bilen ylalaşykly düzýärler. Ol sanawda Alsu ýokdy. Şu wagta çenli garaýyş şeýledi, hakykatdan-da rus döwleti adamlary bu sanawa girizýärdi, olaryň yzarlanmagyndan başga hiç kim kazyýete çekilmändi. Dogrudan-da, Alsu bilen bolan waka, onuň yzarlanmagy, bu ilkinji ýüze çykan iş.

Eýýäm Žurnalistleri goramak baradaky komitet bu mesele boýunça örän berk beýanat berdi. Alsunyň yzarlanmagynyň özi Russiýada žurnalistlere edilýän basyşyň ýene bir alamaty diýildi. Ol hökman azatlyga goýberilmeli, biz häzir onuň diňe žurnalist we amerikaly bolany üçin, tussag edilendigini bilýäris. Biz ony syýasy tussag hasaplaýarys, ol haýal edilmezden azatlyga goýberilmeli.

Alsunyň saklanmagyny Kanadanyň, Çehiýanyň, Fransiýanyň, Polşanyň şeýle hem Şwesiýanyň hökümetleri, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler boýunça Ýokary wekiliýeti we Ýewropa Parlamentiniň howpsuzlyk syýasaty boýunça prezidenti,Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ОБСЕ) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygy baradaky bölümi hem-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissary ýazgardylar. Ýewropa Geňeşiniň žurnalistleriň howpsuzlygy boýunça platformasy Alsuny boşatmak barada çagyryş çap etdi.

– Siz Alsunyň Russiýada yzarlanmagyny owaly näme bilen baglanyşdyrýarsyňyz, onuň haýsydyr soňky işi bilenmi? Ýagdaýyň onuň professional işi bilen baglydygy belli zat.

– Men şeýle aýdyp bilerin, işiň takyklygy, elbetde, bize belli däl, biz diňe bu aýyplama maddasyny, takyk aýdylanda "daşary ýurt agenti" diýilýänini bilýäris, şol maddada bolsa, hamana daşary ýurt guramalaryna geçirmek üçin, maglumatlaryň ýygnalýandygy aýdylýan aýyplama bar. Ýöne çap edilýän makala üçin maglumat toplamak işi ol däldir ahyryn? Beýle maglumatlaryň hemmesi halka aýan, haýsydyr bir anyk materiallar barada aýdyp bolar, elbetde, ýagny şeýle çaklamalary edip bolar, umuman, munuň sebäbi, onuň žurnalist bolmagynda.

– Onuň bu ýerde gyzyklanan işi, şol sanda tatar dilini goramak boýunça alyp barýan işleri bilen baglanyşykly bolup bilermi?

– Bu meni örän geň galdyrýar, sebäbi Alsu tatar medeniýetiniň we diliniň uly janköýeri. Soňky wagtlarda ol bilim beriji "Әйдә! Онлайн" proýektine işjeň gatnaşdy, şol hem adamlara tatar dilini öwretmäge niýetlenendi. Ondan başga-da, Alsu Ýewropada tatar medeniýetine we diline degişli medeni çärelere işjeň gatnaşýar.

– Alsu Azatlyk Radiosynda köpden bäri işleýärmi, ol soňky wagtlarda, saklanmazyndan öň näme iş edýärdi?

– Ol Azatlyk Radiosynda eýýäm çärýek asyrdan bäri işläp gelýär, 25 ýyldan gowrak [Alsu 1998-nji ýylda RFE/RL-de radiogepleşikleri alyp baryjy bolup işe başlady – NW]. Köp ýyllaryň dowamynda ol şol ses bilen işledi, onuň örän ýakymly radio sesi bar.

Tatarstandaky köp sanly diňleýjiler, umuman bütin dünýäde kim tatarça düşünýän bolsa, öz radiolaryndan ony diňleýärdiler, ol radio žurnalistidi. Soňra biziň kärdeşlerimiz Tatarstandaky FM we orta tolkunlary ýitirdiler. Soňky ýyllarda ol rus dilinde gepleşik alyp barýan Idel.Realii radio “Azatlyk" atly proýektiň redaktory bolup çykyş etdi. Meniň öňem aýdyşym ýaly, Azatlyk Radiosyndaky biziň kärdeşlerimiz tarapyndan gurnalýan bilim-terbiýeçilik işlerindäki proýektlere örän işjeň gatnaşyp geldi.

– Alsunyň saklanmagyna Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýolbaşçylary nähili garadylar?

– Gahar-gazap bilen. Azatlyk Radiosynyň ýolbaşçylary şol bada örän berk nukdaýgaraýşyny beýan etdiler. Ýolbaşçylar onuň haýal etmezden boşadylmagyny talap edýärler. Bu ýerde iki pikir bolup bilmez: ol jenaýatçy däl, biz ony jenaýatçy hasaplamaýarys. Biz ony syýasy tussag hasaplaýarys. Öz žurnalistlik işiniň çäginde makala ýazýandygy üçin, žurnalist türmede oturmaly däldir.

– Öz işini edýär.

– Elbetde.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы





Москва

Концерт "Две музы"


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бенни Гудмен

В Доме Единства состоится джазовый концерт, посвященный Бенни Гудмену




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


Александр Зверев

Александр Зверев раскритиковал график соревнований в туре



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Здоровье

Звуковая зубная щетка Revyline RL060 Blue и зубная паста Revyline Smart заказать в Ростове-на-Дону



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России