Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Aşgabatda köpgatly jaýda äpet bürgüt ýaşaýjylary gorkuzýar

0
Aşgabatda köpgatly jaýda äpet bürgüt ýaşaýjylary gorkuzýar

Gyzyl kitabyna girýän äpet uly bürgüt Aşgabadyň merkezi etrapçalarynyň birinde mesgen tutdy. Uly ýyrtyjy guş Parahat-7/2 etrapçasyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýyň girelgesiniň öňündäki bagda ýaşaýar. Ýerli ýaşaýjylar adaty bolmadyk bu goňşulykdan howatyr bolýarlar.

2-nji jaýyň we golaýdaky jaýlaryň ýaşaýjylary bu adaty bolmadyk jandaryň öz ýanlarynda ornaşandygyny ýakynda bilip galdyar. Bürgüdiň barlygy, hususan-da, kiçi öý haýwanlarynyň ýitmegi bilen baglanyşykly ýakymsyz ýagdaýlar ýüze çykandan soň äşgär boldy.

"Bürgüt ýaşaýjylaryň iýmitlendirýän pişiklerini iýdi. Guş daşky gurşawa we çagalara aç-açan howp salýar" - diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bu ýyrtyjy guşuň ýerleşýän ýerine baryp gördi we ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş boldy.

Ululygy bir metrlik bürgüt, birinji gatdaky kwartiralaryň birine degişli jaýyň öňündäki bakjada ýaşaýar. Ullakan guş kiçijik diwar bilen gurşalan gyrymsy agaçly howluda oturýar. Onuň üçin kapasa göz öňünde tutulmandyr.

 

Bürgüdiň bu howluda haçan peýda bolandygy belli däl. Käbir ýaşaýjylar onuň barlygyny iki hepdä golaý wagt mundan ozal bilip galypdyr.

Ýerli ýaşaýjylar ýyrtyjynyň ganhorlugyndan nägile bolýarka, olaryň sözlerine görä, guşuň eýesi onuň asla howply däldigini aýdypdyr.

"Guşuň eýesi, onuň ady Sapar, kämahal ony serhetçilere meňzeş eşikde görýärler, öz guşunyň towukdan hem howply däldigini aýdýar" - diýip, Azatlygyň habarçysy ýaşaýjylaryň sözlerine salgylanýar.

Habarçymyz bürgüdiň eýesi bilen duşuşyp bilmedi.

Bu aralykda bu ýyrtyjy jandar köp adamly ýerde ýaşaýar. Onuň oturýan ýeriniň gapdalyndan pyýadalar üçin ýoda we awtoulag ýoly geçýär. Bakjanyň daşyndaky diwaryň daş tarapyndan töleg terminaly we ýşaýjylaryň dynç almagy üçin oturgyçlar bar. Guşuň bagy terminalyň arka tarapynda ýerleşýän daşa daňylan.

Ýaşaýjylar töleg terminalynyň ýakynlygynyň we bürgüdiň daňylan ýüp-bagynyň uzynlygynyň pul geçirmek üçin gelenlere zyýan ýetirmäge mümkinçilik berýändigine ünsi çekýärler.

"Golaýda mydama çagalar gezelenç edýärler. Ýaşaýjylar üçin oturgyçlar hem şu ýerde" - diýip, habarçymyz aýdýar.

Ýaşaýjylar, köpgatly ýaşaýyş jaýynda seýrek haýwanlaryň ýa-da guşlaryň saklanmagynyň adaty ýagdaý däldigini aýdýarlar. Şeýle-de, olar hatda köpgatly ýaşaýyş jaýyň öňünde howlynyň bolmagynyň hem indi seýrek duş gelýändigini belleýärler. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabadyň häkimiýetleri ýaşaýjylaryň jaýlarynyň öňündäki bakjalaryny gadagan edip, ähli ösümlikleri çapyp çykypdy.

Paýtagt häkimiýetleri öý haýwanlaryna gözegçilik, olaryň eýelerine bolsa, dürli basyşlary edip gelýär.

Golaýdaky jaýlaryň ýaşaýjylary, jaý dolandyryş edarasyna, şeýle hem polisiýa ýüz tutanlarynda häkimiýetler tarapyndan hiç hili reaksiýa bolmandygyny aýdyp, munuň özlerini geň galdyrandygyny gürrüň berdiler.

"Jaý dolandyryş edrasynda hiç hili reaksiýa bildirmediler. Polisiýa nokadynda hem ýüz öwürdiler. Polisiýa guşuň eýesi bilen gürleşenden soň hiç zat edip bilmejekdigini aýtdy. Polisiýada 'çagaňyz şol ýerde ýöremesin' - diýdiler. Polisiýanyň ýanyndaky raýat eşikli adam, 'pişiklerden we pişijiklerden arassalar ýaly' Mir 7/1-de bürgüdi getirmeli diýdi. Görnüşi ýaly, öýsüz pişikleri iýmitlendirmek we çagalary haýwanlara rehimdar terbiýelemek düzgünleri bozýar-da, howply ýyrtyjy, Gyzyl kitap guşuny kapasasyz ýaşaýyş jaýynyň ýanynda saklamak adaty bir zat bolýar" - diýip ýerli ýaşaýjylaryň ýene biri aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli polisiýa bölüminiň wekillerinden teswir almak synanyşyklary şowsuz boldy.

Bu aralykda, öý haýwanlary we guşlar häkimiýetleriň ünsüni özüne çekýär. Gözegçiliksiz galan öý haýwanlary köplenç ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde köçede tutulýar we ​rehimsizlik bilen ýok edilýär.

Geçmişde guşlar hem gadagan edilipdi. 2022-nji ýylyň tomsunyň ahyrynda Aşgabadyň hemme ýerinde kepderiler gözlenipdi. Olaryň bar ýerlerinde reýd geçirilip, guşlar eýeleriniň ellerinden alnypdy, kapasalar ýok edilipdi. Şäher ýaşaýjylarynyň itleri we pişikleri öýlerinde saklamagy seýrek däl. Käbirler guşlary, şol sanda kepderileri iýmitlendirýärler.

Bürgütleri eldekileşdirmek ýurtda gadymy däp-dessur bolup, geçmişde olary ösdürip ýetişdiripdirler we türgenleşdirilip, aw üçin ulanypdyrlar, ýöne olar oba ýerlerinde, ýörite bellenen ýerlerde saklanypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал, как Москва заботится о ветеранах Великой Отечественной войны





Москва

Снять Художественный фильм.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Неделя мэра: новая «Иволга» и комплексное благоустройство



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Кристина Орбакайте

Выжидала момент: Орбакайте решила лишить Никиту Преснякова части наследства




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Футбольный турнир «Вызов» для студентов станет частью праздничных мероприятий ко Дню Победы

В рамках празднования Дня Победы в Москве пройдет ежегодный турнир среди студенческих футбольных команд «Вызов»

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации


Энди Роддик

Энди Роддик: «У меня было несколько типов рака кожи с тех пор, как я завершил карьеру»



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Дмитрий Волошин вместе с химчанами возложил цветы к мемориалам воинской славы в День Победы



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России