BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Gazada söweş arakesmesine çagyrýar
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 15-nji noýabrda ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip yglan edilen Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky söweşe gyssagly we giňeldilen ynsanperwerlik arakesmeleriniň berilmegine çagyrdy.
Kabul edilen kararda ynsanperwer kömeginiň daşy gabalan Gaza zolagynda galan adamlara päsgelçiliksiz baryp ýetmegi üçin berilmeli arakesmeleriň "ýeterlik günlerden" ybarat bolmagyna çagyrylýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa we Angliýa ses bermekden saklandy. Geňeşiň galan 12 agzasy kabul edilen karary goldap ses berdi.
Şeýle-de, rezolýusiýada ekstremist topar tarapyndan zamunlykda saklanylýan adamlaryň ählisiniň derrew we şert goýmazdan boşadylmagy talap edilýär.