Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Çeşmeler: Aşgabatda 'propiska' durmagyň parasy $100 müňe ýetdi

0
Çeşmeler: Aşgabatda 'propiska' durmagyň parasy $100 müňe ýetdi

Türkmenistanda raýatlaryň öz ýaşaýan sebitlerinden başga şäherlerde “propiska” durmak mümkinçiliginiň barha kynlaşmagy, bu ugurda para-berimiň "ozal görlüp eşidilmedik derejede möwjemegine” getirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly ynamdar çeşmeleri maglumat berýärler.

“Hususan-da, paýtagt Aşgabatda propiska, ýagny hemişelik ýazga durmak isleýän raýatlardan soralýan paranyň möçberi 100 müň ABŞ dollaryna çenli ýetdi. Bu tanyş tapyşyňa görä, araça görä, üýtgäp bilýär” diýip, çeşmämiz 16-njy noýabrda gürrüň berdi.

Türkmenistanda raýatlaryň hereketini çäklendirýän “propiska” ulgamy saklanyp galýar. Raýatyň ýaşaýan ýeriniň ýazgysy onuň pasportynda bellige alynýar. Bu talap raýatlaryň öz ýaşaýan sebitlerinden başga şäherlerde hemişelik ýaşaýyş we iş mümkinçiligini çäklendirýär.

Çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, ýurtda “propiska” edinmek isleýän raýatlardan soralýan paranyň möçberi boýunça Aşgabady Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri we Ahal welaýatynyň Änew şäheri yzarlar.

“Türkmenbaşyda hemişelik ýazga durmak isleýänler 10-15 müň ABŞ dollary möçberindäki parany bermeli bolýarlar. Änewde ýazga durmak üçin bolsa, 3 müň ABŞ dollaryny bermeli” diýip, çeşmämiz belledi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabatda we Türkmenbaşyda “propiska” durmak üçin soralýan paranyň möçberiniň ýokary bolmagy, bularda iş mümkinçiliginiň köp bolmagy bilen baglanyşykly.

“Türkmenistanlylaryň Änewe ýazga durmaga-da köp isleg bildirmegi, raýatlaryň bu şäheriň Aşgabadyň çägine goşulmak ähtimallygynyň bardygy barada uly umyt etmegi bilen baglanyşykly. Aslynda bu belli däl. Ýöne şonda-da, balkanly köp raýat Änewe propiska almaga ýykgyn edýär” diýip, balkanly çeşmämiz aýtdy.

Çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, bu ugurda para-berimiň ýokarlanmagyna, raýatlaryň öz ýaşaýan sebitlerinden başga şäherlerde “propiska” durmak mümkinçiliginiň barha kynlaşmagy sebäp boldy.

“Býurokratik bökdençlikler zerarly para bermedik adamlaryň tas hiç biri başga ýere, hususan-da, Aşgabat, Türkmenbaşy we Änew şäherlerine ýazga durup bilmeýärler. Hat-da, aşgabatly gyzlara öýlenen raýatlar üçin 5 ýyl garaşyp, soňra paýtagtyň propiskasyna geçmek hukugy bolsa-da, olar 20 müň ABŞ dollaryny para hökmünde bermeseler, ýazga alynmaýarlar. Ýöne bu parany bermäge men ýaly köp adamyň mümkinçiligi ýok” diýip, mundan alty ýyl çemesi ozal aşgabatly gyza öýlenen balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Çeşmelerimiz “propiska” meselesiniň köplenç 30 adamdan ybarat ýörite topar tarapyndan çözülýändigini belleýärler.

“Bu komissiýa her bir etrapda bar. Bu topar Ilaty ýazga alyş bölümiň mejlisler zalynda maslahat geçirip, paranyň möçberine görä, raýaty ýazga almalymy ýa däldigi barada karar çykarýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, bu toparyň düzüminde etrap kazyýetiniň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň ýerli edaralarynyň, etrap prokuraturasynyň, Merkezi bank etrap şahamçasynyň dagy wekilleri bar.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Aşgabadyň, Türkmenbaşynyň we Ahalyň polisiýasynyň Ilaty ýazga alyş bölümlerinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 39-njy maddasynda “her bir raýatyň ýurduň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugynyň bardygyna” kepil geçilýär.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri saklanyp galýan “propiska” düzgüni raýatlaryň öz ýurdunyň içindäki hereketini ýiti çäklendirýär. Ýurt raýatlary hemişelik ýazgyda duran ýerinden başga ýerde resmi ýagdaýda ýaşap ýa işläp bilmeýärler. Bu ýagdaý, köp raýaty ýurduň dürli sebitlerinde, hususan-da, paýtagtda bikanun işlemäge mejbur edýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýarlar.

6-njy noýabrda Ženewada geçirilen BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde ABŞ-nyň wekiliýeti Türkmenistana ýurtda raýatlaryň hereketini çäklendirýän “propiska” ulgamyny aradan aýyrmagy teklip etdi.

"Transparency International” guramasynyň korrupsiýa barada şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы





Москва

Концерт "Две музы"


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин прокомментировал слухи о повышении своих замов



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Карина Кокс

Карина Кокс: шоу «Маска», настоящее имя, возраст, лучшие песни в образе Оленя




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве

Что произошло 8 мая в истории Якутии

Канье Уэст летом выступит с концертом в России


ATP

Двенадцать казахстанских теннисистов поднялись в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Источник 360.ru: похожий на снаряд предмет нашли на улице Саляма Адиля в Москве



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России