Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

'Eli ýuka' maşgalalar goşun gullugyndan dolanýan esger ogullaryny garyplykda garşy alýar

0

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ykdysady ýagdaýy pes hojalyklar harby gullukdan dolanýan esger ogullaryny garyp şertlerde garşy alýar. Ykdysady kynçylyklar ilaty nägilelige iterýär, üpjünçiligi pes maşgalalar ýeter-ýetmez güzeran şertlerinden ejir çekýär.

“Men 0,5 iş ýüki bilen mekdepde mugallym bolup işleýärin, 1750 manat aýlyk alýaryn. Ýöne oglum harby gullukdan gelende il hatarynda märeke çagyryp bilmedim” diýip, balkanly bir ata aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäheriň bir etrapçasynda goňşuçylykda ýaşaýan birnäçe hojalygyň esger ogullaryny hor-homsy şertlerde garşy alandygyny habar berýär.

Türkmenistanda ilat arasynda ýoň bolan häzirki zaman däplerine laýyklykda, uzak ýoldan, ýa-da goşun gullugyndan dolanýan adamlaryň şanyna olaryň hossarlary we dogan-garyndaşlary tarapyndan saçak ýazyp, märeke berilýär.

Ýöne ýurtda dowam edýän agyr ykdysady şertler ilatyň edim-gylymyny, däp-dessurlaryny berjaý etmegine päsgelçilik berýär.

Döwletiň öňündäki mejbury harby gulluk borjuny ýerine ýetiren ýaş ýigitler goşun gullugyndan dolanyp, dogan-garyndaşlarynyň agyr güzeran şertlerine şaýat bolýar.

Bir maşgala mähelle çagyryp, sadaka, hudaýýoly bermek üçin azyndan bäş müň manat çykdajy edilýändigini, ykdysady ýagdaýy pes hojalyklaryň şeýle däpleri berjaý etmäge gurbunyň çatmaýandygyny aýdýar.

Türkmenistanda şu günler esgerleri harby gullukdan boşatmak we gulluga çagyrylyş möwsümi dowam edýär.

“30 dollar pensiýa, 55 dollar aýlyk bilen nädip harby gullugy tamamlan ogluňa sadaka berip bolýar. 50 kilogram un 25-35 dollar aralygynda. 1 kilogram süýji 100 manat. Orta agramdaky goýun-geçiler 1000 manat” diýip, ene-atalar aýdýar.

Türkmenistanda maliýe-ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Bazarlarda bahalar ilatyň gapjygyna agram salýar. Býujet işgärleriniň aýlyk girdejileri köplenç bazar sebedine gabat gelmeýär. Bu ýagdaý ykdysady ýagdaýy pes hojalyklary döwlet dükanlarynyň ýeňillikli azyk paýlaryna mätäç goýýar.

“Adamlar döwlet işinde işläp, özleriniň märeke berip bilmeýändiklerine, güzeran şertleriniň agyrlaşmagyna nägilelik bildirýärler. Bu ýurtda adamyň mertebesi depelenýär, zähmet çekýän adamyň ezenegi agýar, egni gysylýar” diýip, beýleki bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Balkanly ýaşaýjylar tebigy serişdelere baý ýurduň ýönekeý ilatynyň garyplykdan ejir çekmegini sorag astyna alýarlar.

Türkmenistan özüniň tebigy gaz serişdeleriniň eksportlaryndan milliardlarça dollar girdeji gazanýar. Muňa garamazdan, ýurtda üpjünçiligi pes hojalyklar ençeme ýyllardan bäri hor-homsy şertlerden ejir çekýär.

Giň ýaýran işsizlik we ykdysady kynçylyklar adamlaryň garşylyk duýgularyna we nägileligine meçew berýär.

Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilýändigini aýdýar.

“Ýöne köp sanly býujet işgärleri, maýyplar, pensionerler we işsiz raýatlar gaty garyp ýaşaýar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurtda dowam edýän agyr ykdysady şertler barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о реконструкции крымской Алупки


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин и Патриарх Кирилл посетили фестиваль «Пасхальный дар»



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Жанна Агузарова

Жанна Агузарова начала петь в подземных переходах




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


Стефанос Циципас

Паула Бадос и Стефанос Циципас расстались | Виды спорта



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России