7 ýaşly gyzyň jesedi tapylandan soň, onuň ejesi we goňşusy saklandy
Gazagystanyň demirgazygyndaky Pawlodar sebitiniň polisiýasy 20-nji noýabrda, 7 ýaşly Milana Dawidowa öli tapylandan soň, gözleg-agtaryş toparlarynyň merhumyň ejesini we goňşusyny tussag edendigini habar berdi.
Gyz 17-nji noýabrda, Beskauga obasynda ýitirim boldy.
Polisiýanyň maglumatyna görä, ejesi gyzynyň kellesine eli bilen urandygyny we onuň şondan soň ölendigini boýun aldy.
Merhumyň goňşusy bolsa, gyzyň ejesine jesedi onuň ýaşan jaýyndan 250 metr uzaklykda gizlemäge kömek edendigini boýun aldy.
Eger-de günäli tapylsalar, bu iki adama 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasy garaşýar.
Derňew işleri dowam etdirilýär.