EBRD-iň Türkmenistandaky proýektler bilen bagly karz bukjasy 28 million ýewro deň
Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň (EBRD), 2023-njy ýylyň 31-nji oktýabryndaky ýagdaýlara laýyklykda, Türkmenistandaky proýektler babatda bar bolan karz bukjasynyň 28 million ýewro deňdigi çaklanylýar. Bu barada Trend habarlar gullugy 26-njy noýabrda habar berdi.
Bankyň maglumatlaryna görä, karz bukjasy 22 proýektiň tamamlanmagyna niýetlenendir.
Şeýle-de, tutuş sermaýa bukjasynyň Türkmenistanyň şahsy pudagyny goldamak üçin gönükdirilendigi bellenilýär.
Umumy hasapda, bank Türkmenistandaky 87 dürli proýekte 335 million ýewrodan hem aşa sermaýa ýatyrdy.