Hepdäniň jemi #14 (08.04.2023 ý.)
Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Türkmenistanda prezident tarapyndan wezipä bellenýän kazylar, redaktorlar we kazylaryň garaşsyzlygy, metbugatyň azatlygy barada bildirilýän halkara aladalary; Türkmen Mejlisine agza saýlanan 32 zenan we ýurtdaky aýal-gyzlaryň ‘hakyky’ ýagdaýy barada taýýarlan gepleşiklerimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.