Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 26.04.2023

Türkmenbaşyda ilatyň agyz suw üpjünçiligi kesildi

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde durmuş we ýaşaýyş maksatly binalara akdyrylýan agyz suw üpjünçiligi kesildi. Bu ýagdaý, esasanam köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylaryna ýaramaz täsir edip, olaryň gündelik suw üpjünçiliginde dürli kynçylyklary döretdi. "25-nji aprelde kesilen agyz suw üpjünçiligi 26-njy aprelde günortana çenli hem dikeldilmedi. Häkimiýetler diňe 25-nji aprelde agşam sagat 6:00-6:30 aralygynda 30 minut suw akdyrdylar. Bu ätiýaçdaky suw gorundan goýberildi" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 26-njy aprelde aýtdy. Читать дальше...

Tozanly ýel Aşgabady gaýtadan örtdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň çäginde ýene-de tozanly tupanlar turdy. 25-nji aprelde Aşgabatda bir hepdäniň içinde ikinji gezek tozan we gum bölejiklerini öz içine alýan güýçli ýel boldy. Tozan tupanlary ýurduň dürli ýerlerinde aprel aýynyň başyndan bäri ýüze çykýar. "Tozan tupany ýene-de Aşgabady örtdi. Penjireler ýapyk bolsa-da jaýlaryň içine tozan ysy syzdy" - diýip Azatlygyň habarçysy 26-njy aprelde irden gürrüň berdi. Bir gün öň şäheriň daşynda güýçli tozan tupany turdy, paýtagtda şemalyň güýji biraz gowşady. Читать дальше...

Täze talap daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň ene-atalaryndan pul almak mümkinçiligini bökdeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda ene-atalaryň ýüzlerçesi daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan çagalaryna pul iberip bilmän kösenýär. Muňa türkmen banklarynyň çagalaryna pul geçirmek isleýän ene-atalardan edýän täze talaby sebäp bolýar. Ýatlatsak, aprel aýynyň başyndan bäri ýurduň banklary daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlara pul ibermek üçin olaryň ýanlaryndaky asyl resminamalarynyň, şol sanda pasportlarynyň we dogluş hakyndaky şahadatnamalarynyň banka getirilmegini talap edýärler. Bank işgärleri buýrugyň ýokardan gelýändigini dilden aýdyp... Читать дальше...



Döwlet metbugaty: Eýranyň tanymal ruhanysy öldürildi

Azathabar.com 

Eýranyň täsirli ruhanysy, ýurduň ýokary liderini saýlaýan Bilermenler Assambleýasynyň agzasy, ýaragly hüjüm netijesinde öldürildi diýip, döwlet habar beriş serişdeleri 26-njy aprelde habar berdi. "Aýatolla Abbas Ali Soleýmani şu gün irden edilen ýaragly hüjümde öldürildi ... hüjümçi tussag edildi" diýip, IRNA bir resmä salgylanyp ýazdy. Bu hüjüm Eýranyň demirgazygynda boldy.

Erdogan näsagdygyny aýdyp, saýlaw ýygnanyşygyny ýatyrdy

Azathabar.com 

Türkiýäniň prezidenti Taýyp Erdogan, 14-nji maýda geçiriljek möhüm saýlawlaryň öňüsyrasynda, saglyk ýagdaýy sebäpli 26-njy aprele bellenen kampaniýa duşuşygyny ýatyrandygyny aýtdy. "Şu gün men, lukmanlarymyň maslahaty boýunça, öýde dynç alaryn" diýip, Erdogan öz twitter hasabynda ýazdy. Erdogan 25-nji aprel güni giçlik göni ýaýlymda geçirilen TW söhbetdeşligini gysgaltdy we aşgazan agyrysy sebäpli özüni halsyz duýýandygyny aýtdy.

Täjik howpsuzlyk güýçleri 'söweşiji toparyň iki agzasyny' öldürdi

Azathabar.com 

Täjik howpsuzlyk güýçleri owgan serhediniň golaýynda "halkara terror guramasyna" degişli iki adamy öldürdi diýip, Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komiteti 26-njy aprelde habar berdi. Bu waka serhet ýakasyndaky Wanj şäherinde boldy diýip, beýanatda ol adamlaryň şahsyýetleri ýa-da haýsy topara degişlidigi anyklaşdyrylmazdan aýdylýar. Beýanatda ol adamlaryň ýurda "terrorçylykly hereket etmek niýeti bilen girendigi we terrorçylyga garşy operasiýa wagtynda hukuk goraýjy guramalar tarapyndan öldürilendigi" aýdylýar. Читать дальше...

Özbegistan Russiýadan 300 müň tonna nebit satyn alar

Azathabar.com 

Özbegistanyň Energetika ministrligi Russiýanyň “Gazpromneft” kompaniýasy bilen 2023-nji ýylda 300 müň tonna nebit importy barada ylalaşyk baglaşdy diýip, Gazeta.uz habar berýär. Energetika ministrliginiň bölüm müdiri Adhamhamon Ubaýdullaýew bu habary 25-nji aprelde geçirilen üç günlük “Innoprom” sergisinde yglan etdi. “Innoprom. Merkezi Aziýa” sergisine Russiýadan, Özbegistandan we GDA-nyň beýleki ýurtlaryndan 300-den gowrak kompaniýa gatnaşdy. Ýatlatsak, Özbegistan we Gazagystan 2023-nji ýylda 300 müň tonna gazak nebitiniň iberilmegi... Читать дальше...



Lebaply pileçiler gijelerine tut agaçlarynyň şahalarynyň 'awyna' çykýar

Azathabar.com 

Türkmenistan ýüpek gurçugyna ideg etmek boýunça nobatdaky möwsümiň ahyryna golaýlaýan mahaly, lebaply pileçi-kärendeçiler bu oba hojalyk önümçiligi üçin zerur bolan tut ýapraklarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen gaýtadan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Käbir daýhanlar göz öňünde tutulan hasyly almak üçin gijelerine tut agaçlarynyň şahalarynyň "awyna" çykýarlar we oba adamlarynyň tut agaçlarynyň şahalaryny rugsatsyz çapýarlar.

Swerdlowsk sebitinde turan ýangyn bir adamy öldürdi, onlarça binany weýran etdi

Azathabar.com 

Swerdlowsk sebitindäki Soswa obasynda turan uly ýangyn bir adamyň ölmegine we 90 binanyň weýran bolmagyna sebäp boldy diýip, Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 26-njy aprelde habar berdi. Ministrlik ýangyna nämäniň sebäp bolandygyny aýtmady. Emma habarlarda onuň ýerli agaç kärhanasynda döräp, güýçli ýel esasynda tiz ýaýrandygy aýdylýar.  Sebitde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi we sülçüler geleňsizlik we biperwaýlyk sebäpli  adam ölümine sebäp bolmak ähtimallygyny derňemek üçin jenaýat işlerini açdylar. Читать дальше...

Hytaý we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy halkara uçar gatnawlaryny dikeldýär

Azathabar.com 

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan uýgur awtonom sebitindäki Urumçy bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat arasyndaky uçar gatnawy üç ýyllyk arakesmeden soň, ikinji gün agşam dikeldildi diýip, “Global Times” neşiri habar berýär. Bu Hytaý bilen bäş Merkezi Aziýa ýurdunyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň doly dikeldilendigini görkezýär. CZ6015/6 uçar gatnawlary hepdäniň ikinji günlerinde amala aşyrylýar we Hytaý Günorta howaýollary tarapyndan dolandyrylýar. Şeýlelikde, Hytaý Günorta howaýollary häzirki wagtda bu sebitiň dokuz ýurduna... Читать дальше...

Gullukdaky 'ýaramaz şertler' ene-atalary para bermäge we ogullaryny wagtyndan öň gullukdan boşatmaga iterýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak möwsümi dowam edýär. Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy harby gullukda para möwsüminiň hem başlanandygyny aýdýar. Ene-atalar şu günler esger ogullaryny wagtyndan öň gullukdan boşatmaga çalyşýandyklaryny, munuň üçin müňlerçe manat möçberinde para berýändiklerini gürrüň berdiler. "5-nji maýda 'Kelete' okuw-türgenleşik merkezinde harby-taktiki okuwyň geçirilmegine garaşylýar. Читать дальше...

Baýden ikinji möhlet üçin bäsleşige gatnaşjakdygyny yglan etdi

Azathabar.com 

Prezident Jo Baýden saýlawçylardan “işini tamamlamak” üçin has kän wagt berilmegini sorap, 2024-nji ýylda gaýtadan saýlanmak üçin bäsleşige gatnaşjakdygyny resmi taýdan yglan etdi. “Her bir nesliň özüniň demokratiýany goramaly pursatlary bolýar. Öz esasy azatlyklaryny goramak pursady. Men munuň biziňkidigine ynanýaryn. Şu sebäpden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentligine dalaş etmekçi bolýaryn. Goşulyň. Geliň, işi tamamlalyň” diýip, Baýden twitterde ýazdy. ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris hem... Читать дальше...

Prokuror Nazarbaýewiň ýegeniniň aýalyna sekiz ýyl berilmegini soraýar

Azathabar.com 

Gazagystanyň prokurory 25-nji aprelde Astananyň kazyýetinden Merkezi Aziýa döwletiniň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň tussag edilen ýegeniniň aýalyna sekiz ýyl iş kesilmegini sorady. Ol korrupsiýa, agyr jenaýatçylygy guramak, adam alyp gaçmak, birnäçe kärhananyň paýnamalaryny we emläklerini bikanun ele geçirmek aýyplamalarynda aýyplanýar. Gulmira Satybaldy adamsy Kaýrat Satybaldy bilen bilelikde geçen ýylyň mart aýynda tussag edildi we olaryň kazyýet işlerine aýry-aýrylykda seredildi.... Читать дальше...



Москва

Новый транспортный хаб начали строить Казахстан, РФ и Китай


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Москва завершает переход на новый стандарт экстренной медпомощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Сергей Прокофьев

Мариинский театр исполнил оперу Прокофьева в честь дня рождения композитора




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Команда подмосковного главка Росгвардии заняла призовое место на чемпионате Центрального округа по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

Команда подмосковного главка Росгвардии заняла призовое место на чемпионате Центрального округа по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

В Московской области прошел чемпионат Центрального округа Росгвардии по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия


WTA

Вероника Кудерметова завершила выступление на турнире WTA в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Симферополь

Жители Марий Эл с мая смогут дистанционно оформить ипотеку на жилье в Крыму 



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России