Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 05.04.2023

Trend: Türkmenistan Global ýumşak güýç indeksindäki ornuny ýokarlandyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistan 2023-nji ýylda Global ýumşak güýç indeksindäki ornuny 25 dereje ýokarlandyrdy diýip, “Trend” habar gullugy "Global Soft Power Index” tarapyndan çap edilen hasabata salgylanyp habar berýär. Habarada aýdylmagyna görä, Türkmenistan görkezijide 121-nji orundan 88-nji orna galdy, Aziýa döwletleriniň arasynda bolsa 13-nji orunda ýerleşdirildi. ABŞ, Angliýa we Germaniýa indeksiň ilkinji üç ornuny eýeleýär, Aziýa ýurtlarynyň arasynda Ýaponiýa Global ýumşak güýç indeksiniň lideri diýlip ykrar... Читать дальше...

Türkiye möhleti geçen pasportly türkmen raýatlaryna ýaşamak üçin rugsatnama berip başlady

Azathabar.com 

Türkiýe, möhleti geçen pasportly türkmen raýatlaryna ýaşamak üçin rugsatnamalary ýene berip, başlady, ýöne möhleti geçen pasportlarda onuň möhletiniň uzaldylandygy hakynda türkmen konsullygynyň belligi bolmaly. Geçen hepde Türkiýäniň sebit migrasiýa bölümleri möhleti geçen pasportly türkmen raýatlaryň ýaşamak üçin rugsatnamalary uzaltmak baradaky arzalaryny kabul etmekden ýüz öwrüpdi.

Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlady

Azathabar.com 

Aşgabadyň bazarlarynda käbir azyk önümleriniň nyrhlary birneme arzanlap başlady. Bu waka, Azatlyk Radiosynyň paýtagtyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlaýandygy baradaky maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.



Türkmenistan Amyderýanyň üstünden gurlan 122 ýyllyk taryhy demir köprini ýykmakçy bolýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda demir önümleriniň importy bilen bagly dowam edýän kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetler Amyderýanyň üstünden geçýän taryhy demir köprini ýykmaga taýýarlanýar. Azatlygyň çeşmeleri uzynlygy 1200 metr töweregi bolan köprüden söküljek onlarça müň tonnalyk demir önümleriniň ýerli bazarlarda satuwa çykarylmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.

Türkiye möhleti geçen pasportly türkmen raýatlaryna ýaşamak üçin rugsatnama berip başlady

Azathabar.com 

Türkiýe, möhleti geçen pasportly türkmen raýatlaryna ýaşamak üçin rugsatnamalary ýene berip, başlady, ýöne möhleti geçen pasportlarda onuň möhletiniň uzaldylandygy hakynda türkmen konsullygynyň belligi bolmaly. Geçen hepde Türkiýäniň sebit migrasiýa bölümleri möhleti geçen pasportly türkmen raýatlaryň ýaşamak üçin rugsatnamalary uzaltmak baradaky arzalaryny kabul etmekden ýüz öwrüpdi. Türk Migrasiýa Gullugy, möhleti geçen pasportlary bolan, ýöne Türkmenistanyň konsullyklary tarapyndan uzaldylan... Читать дальше...

Arkadag şäheriniň wagyz işleriniň batlanmagy bilen, türkmen lideriniň şahsyýet kulty dabaralanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda gurluşygy dowam edýän Arkadag şäheriniň wagyz işlerine bat berilýär. Şäherde alnyp barylýan işleri üstünlikli wagyz etmek maksady bilen, ýaňy-ýakynda “Arkadag” gazeti we “Arkadag” teleýaýlymy esaslandyryldy. Gazet iýul aýynda, teleýaýlym sentýabr aýynda öz işine başlar. Bu aralykda, “Arkadag” şäherine “döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy” berilýär. Azatlygyň çeşmeleri türkmen paýtagtynyň tapgyrlaýyn esasda we ýuwaş-ýuwaşdan Arkadag şäherine göçürilmek ähtimallygy, ýa-da... Читать дальше...

Türkmenistanda ozal ýaryşlara gatnaşdyrylmadyk türgenler hasaba alnyp başlandy

Azathabar.com 

2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak baradaky prezident buýrugyndan soň, Türkmenistanda saýlama ýaryşlaryna sportçylary hasaba almak işi başlandy. Habarçylaryň sözlerine görä, ozal birnäçe sebäbe görä, sport ýaryşlaryna gatnaşmaga rugsat berilmedik türgenleri hem şu günler hasaba alýarlar.



Türkmenbaşyda uzaga çekmedik sim-kart satuwy ýatyryldy, internetiň hili we bahasy öňküligine galdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pesligine galýar. 1-nji martdan internetiň hilini ýokarlandyrmak we hyzmatlaryň bahasyny arzanlatmak baradaky resmi bildirişlerden soňky bir aýda ýagdaýyň düýpden üýtgemändigini, internetiň haýallygyna galýandygyny we täze sim-kartlaryň satylmaýandygyny hem Azatlygyň habarçylary, hem-de "TMCell"-yň müşderileri aýdýarlar.

Maryda jaýlaryň ýerzeminlerindäki hapalar wagtynda arassalanmaýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň merkezi şäheriniň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň podýezdelerinde zir-zibil taşlamak üçin göz öňünde tutulan ulgam kadaly işlemeýär. Her gatyň arasyndaky ýörite çelekden hapalar aşak zyňlandan soň, olar soňy bilen ýerzeminlerden wagtynda arassalanmaýar. Bu hem sanitariýa, arassaçylyk meseleleri bilen birlikde, ýaşaýjylaryň kadaly durmuşyna hem ýaramaz täsir edýär.

Türkmenabatda haýwanlara garşy gaýtadan güýçlenen ýowuzlyk gizlin amal edilýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde köçelerdäki haýwanlara garşy ýowuzlyk gaýtadan güýçlendi. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek häkimiýetler itleri we pişikleri zäherläp öldürmek çärelerini gizlin amal edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we haýwanlary goraýan aktiwistler maglumat berýärler.

Açyk Söhbet: Aktiwistler türkmen saýlawlarynyň ‘demokratik bolmandygyny’ aýdýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistanlylar 26-njy martda Mejlisiň deputatlary, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary üçin ses berdiler. Häkimiýetler saýlawlara gatnaşygyň 91%-den gowrak bolandygyny, ses berişligiň demokratik ýörelgeler esasynda geçendigini aýtdylar. Emma hökümet tankytçylary resmileriň aýdýanlary bilen ylalaşmaýar. Azatlyk Türkmenistanyň saýlaw medeniýeti baradaky pikirlerini bilmek üçin ozalky diplomat, Wenada ýaşaýan syýasatçy Nurmuhammet Hanamowy hem-de Polşada ýaşaýan aktiwist Nurmuhammet Annaýewi Açyk söhbede çagyrdy.

Aýal-gyzlaryň 'kemsidilýän' ýurdunda 125 orunly parlamentiň 32 agzasy aýal boldy

Azathabar.com 

Soňky döwürde, hususan-da täze prezident saýlawy geçirileli bäri, aýal-gyzlaryň hak-hukuklarynyň has çäklendirilýän ýurdy hökmünde tankytlanýan Türkmenistanda milli parlamentiň 125 agzasynyň 32-si aýal-gyzlardan ybarat boldy. Hökümetçi neşiriň resmi maglumatlara salgylanyp ýazmagyna görä, türkmen mejlisiniň ýedinji çagyrylyşyna geçirilen saýlawlarda täze düzüme saýlanan aýallaryň sany 26%-e golaý (25,60) bolup, çärýek derejesinden geçdi, ýagny 125 deputatyň 32 sanysy aýallardan ybarat boldy. ... Читать дальше...

Maryda lagym ulgamyndan gelýän ýakymsyz ys ýaşaýjylary penjirelerini hemişe ýapyk saklamaga iterýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň merkezi şäherinde lagym ulgamlary kadaly işlemeýär. Munuň bilen bagly emele gelýän ýakymsyz ys daş-töwerege, käte ýaşaýjylaryň öýleriniň içine çenli ýaýraýar. Köp ýaşaýjy öýleriniň penjirelerini açyp bilmeýär. "Şäheriň 'Baýramaly krug' diýlip tanalýan ýolunyň ugrunda lagym ulgamlarynyň ýiti ýakymsyz ysy bar. Bu ýerde diňe bir gapdaldan ýakymsyz ys urman, eýse dört gapdaldan şäheriň lagym ulgamlarynyň ýakymsyz ysy bar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy. Bu ýagdaý... Читать дальше...

Türkmenistan Türkiýe bilen aradaky haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ikinji gün Aşgabatda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak meselesini maslahatlaşdy. Habarda kän anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty pudaklary, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Читать дальше...



Москва

Тема дня: На «Госуслугах» можно будет получить статус многодетной семьи с 2025 года


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин сообщил о начале работы сезонных ярмарок выходного дня



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Игорь Бутман

Квинтет Игоря Бутмана и певица Фантине впервые выступят на джазовом фестивале в Бахрейне




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

РОСГВАРДИЯ ОБЕСПЕЧИЛА ПРАВОПОРЯДОК ВО ВРЕМЯ ФУТБОЛЬНОГО МАТЧА «ЦСКА» - «СПАРТАК» В МОСКВЕ

Росгвардия обеспечила правопорядок во время футбольного матча «ЦСКА» - «Спартак» в Москве

В Московской области прошел чемпионат Центрального округа Росгвардии по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия


WTA

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России