Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2023

Lebapda mekdep okuwçylaryna koronawirusa garşy sanjym edilýär, köp ene-ata waksinadan ýüz öwürýär

0

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylara koronawirusa garşy sanjym edilip başlandy. Köp ene-ata çagalaryna nähili sanjymyň edilýändigini bilmeýän mahaly, köpüsi sanjymdan ýüz öwürýär.

"Mekdeplerde dördünji çärýek başlanda, ýagny 30-njy martda 9-10-11-nji synp okuwçylara koronawirusa garşy sanjym edilip başlandy. Sanjym urmak işleri şäheriň 11-20-21-33-39-njy mekdeplerinde dowam edýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji aprelde aýtdy.

Sanjymlar şäheriň alty saglyk öýüniň işgärleri tarapyndan urulýar. Ýöne ene-atalaryň ençemesi sanjymyň ediljekdigi barada ne özleriniň, ne-de çagalarynyň öňünden habarly edilýändigini aýdýar.

"Ene-atalar çagalaryna näme sanjym edilýändigini bilmeýärler" diýip, habarçy belledi.

Käbir ene-atalar saglyk ulgamyndaky tanyş-bilişlerine jaň edip, çagalaryna nähili sanjymyň edilýändigini soraýarlar. Okuwçylara koronawirusa garşy waksinanyň edilýändigini anyklan köp ene-ata çagalaryna sanjym urulmagyna rugsat bermeýär.

"Sanjymdan ýüz öwürýän ene-ata kän" diýip, habarçy belledi.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýatyň saglyk we bilim bölümlerinden kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tutanýerlilik bilen tekrarlaýan Türkmenistanda mekdep okuwçylaryna koronawirusa garşy sanjym geçen aýyň başynda urlup başlandy.

Şonda Mary we Balkan welaýatlaryndaky habarçylarymyz 12 ýaşyny dolduran okuwçylara Hytaýda öndürilen "Sinowak" (SinoVac) we "Koronawak" (CoronaVac) ýaly sanjymlaryň urulýandygyny aýdypdylar.

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň iýunynda 18 ýaşdan ýokary ähli raýatlar üçin COVID-19 waksinasy hökmany diýlip yglan edildi. Şondan bäri ýurt raýatlary koronawirusa garşy sanjymyň dört dozasyny kabul etdiler.

Ýöne bu sanjymyň 12 ýaşyny dolduran mekdep okuwçylary üçin-de hökmany edilendigi barada ne ýurt häkimiýetleri maglumat berýär, ne-de berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdelerinde haýsydyr bir habar göze ilýär.

Mundan iki hepde çemesi ozal Marydaky habarçylarymyz Aşgabatdan gelen saglyk wekilleriniň ene-atalar bilen duşuşyklary geçirip, sanjym etdirmedik okuwçylara Umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň berilmejekdigini duýdurýandygyny aýtdylar. Olar muňa sebitde köp ene-atanyň öz çagalaryna sanjymyň urulmagyna rugsat bermezliginiň sebäp bolandygyny hem bellediler.

"Saglyk wekilleri okuwçylarda sanjym edilendigi baradaky resminama bolmasa, onda olaryň ýokary okuw jaýlaryna hem kabul edilmejekdiklerini aýdýarlar. Şeýle-de, olar sanjym edilmedik oglanlara harby gullukda sanjym uruljakdygyny, ol ýerde ene-atalardan rugsat soralmajakdygyny hem sözleriniň üstüne goşýarlar" diýip, maryly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Mundan ozal habarçylarymyz esasanam şäher ýerlerinde çagalaryna sanjym etdirmek islemeýän ene-atalaryň gaty kändigini aýdypdylar. Ene-atalar munuň sebäpleriniň sanjymlara we saglyk resmilerine bolan ynamsyzlykdan ugur alýandygyny belleýärler.

Ylmy barlaglar Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň koronawirusa garşy täsirlidigini subut edýär.

2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýda ýüze çykan COVID-19 ýokanjy 2020-nji ýylyň martynda pandemiýa yglan edildi. Bütindünýä saglyk guramasynyň maglumatyna görä, hiç bir kategoriýa boýunça maglumat elýeterliligi bolmadyk Demirgazyk Koreýadan başga, Türkmenistan öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň, şol sanda saglyk işgärleriniň onlarçasy pandemiýanyň başyndan bäri bu wirusa müňlerçe adamyň ýolugandygyny, başga-da şonçasynyň bu keselçilikden wepat bolandygyny habar beripdi.​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин и Патриарх Кирилл посетили фестиваль «Пасхальный дар»





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о комфортных автопутешествиях


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Моргенштерн

Моргенштерн* раскрыл доход от платного телеграм-канала




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве


Анастасия Павлюченкова

Павлюченкова официально аккредитовала на турнир в Риме двух своих собак



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Алексей Сёмин

Что лечит невролог и с какими симптомами к нему обращаться?



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России