Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2023

Türkiye möhleti geçen pasportly türkmen raýatlaryna ýaşamak üçin rugsatnama berip başlady

0

Türkiýe, möhleti geçen pasportly türkmen raýatlaryna ýaşamak üçin rugsatnamalary ýene berip, başlady, ýöne möhleti geçen pasportlarda onuň möhletiniň uzaldylandygy hakynda türkmen konsullygynyň belligi bolmaly. Geçen hepde Türkiýäniň sebit migrasiýa bölümleri möhleti geçen pasportly türkmen raýatlaryň ýaşamak üçin rugsatnamalary uzaltmak baradaky arzalaryny kabul etmekden ýüz öwrüpdi.

Türk Migrasiýa Gullugy, möhleti geçen pasportlary bolan, ýöne Türkmenistanyň konsullyklary tarapyndan uzaldylan türkmen migrantlaryna wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama bermek kararyna geldi. 5-nji aprelde Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň raýatyndan ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak üçin tabşyran resminamalaryň kabul edilendigini tassyklaýan hatyň göçürmesi gowuşdy.

Martyň ahyrynda Türkiýäniň sebit migrasiýa bölümleri möhleti geçen pasportlary bolan türkmen raýatlaryndan ýaşamak üçin rugsatnamalary uzaltmak baradaky arzalary kabul etmekden ýüz öwrüp başlapdy. Azatlygyň habarçysy Kumkapy welaýat migrasiýa bölüminiň utgaşdyryjy býurosynda birnäçe adamyň arzasynyň ret edilendigini 30-njy martda habar berdi. Adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) türkmen raýatlarynyň arzalarynyň Stambulyň Esenyurt we Fatih etraplarynyň migrasiýa bölümlerinde hem kabul edilmändigini habar beripdi.

Şonda adam hukuklaryny goraýjy gurama migrasiýa işgärleriniň türkmen raýatlaryň arzalaryndan 29-njy martda belli bolan täze talap esasynda ýüz öwürýändiklerini ýazypdy. Türk migrasiýa gullugyndan resmi düşündiriş bolmady.

Soňra 3-nji aprelde Türk Migrasiýa Gullugynyň Türkmenistanyň konsullyklary tarapyndan möhleti geçen pasportlary uzaldylan türkmen migrantlaryna ýaşamak üçin rugsatnama bermek kararyna gelendigi mälim boldy. Muny türk aklawçysy Berkin Arkan, türk blogçysy Myrat Ersahiniň “YouTube” kanalynda ýerleşdiren söhbetdeşlikde mälim etdi.

Türk aklawçysy, ýurdunyň migrasiýa gullugyna üç gezek ýüz tutandygyny we türkmen migrantlaryna ýaşamak üçin ygtyýarnama berilmeýändigi sebäpli jogap alyp bilmändigini habar berdi. Berkin Arkan: "Soňra birnäçe gün dowam eden çekişmeden soň Türk Migrasiýa Gullugy 3-nji aprelde türkmen migrantlarynyň ýokardaky kategoriýalaryna ýaşamak üçin rugsatnama bermek kararyna geldi" -diýdi.

"Hawa, bu pasportlaryň serhetleriň ýapylmagy sebäpli pandemiýa döwründe täzelenendigini bellemelidiris. Indi uçuşlar dikeldilensoň zerurlyk aradan aýryldy. Şonuň üçin möhleti uzaldylan pasportlary kabul etmegiň ähmiýeti barmy diýen sorag ýüze çykypdy. Ýöne indi bu mesele çözüldi. Bu mesele dürli tarapdan ara alnyp maslahatlaşyldy. Iň soňky kararda, mundan beýläk bu pasportlaryň Türkmenistanyň raýatlary üçin kynçylyk döretmezden öňküsi ýaly kabul ediljekdigi aýdyldy"- diýip, aklawçysy Berkin Arkan aýdýar.

Biometrik pasportlarynyň möhleti geçen, ýöne türkmen konsullygynda pasportyň möhletiniň uzaldylmagy barada bellik goýduran türkmen raýatlaryna ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň uzaldylmazlygy türkmen raýatlarynyň ýagdaýyny hasam kynlaşdyrardy. Wagtlaýyn ýaşaýyş rugsady daşary ýurtlularyň Türkiýede kanuny esasda bolmagy üçin gerek.

Türkmenistan, Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan raýatlarynyň sany boýunça ilkinji üç ýurduň hataryna girýär.

THF-nyň Türk barlaglary instituty tarapyndan neşir edilen maglumatlara salgylanyp, çap eden habaryna görä, soňky 18 ýylda Türkiýede resmi ýagdaýda ýaşaýan daşary ýurtlularyň sany ýedi esse artypdyr. Türkmenistanyň raýatlary üç görkeziji boýunça üçünji orunda durýar. Türkmen raýatlarynyň Türkiýede ýaşamak üçin rugsatnama alanlary - 113 449 adam; gysga möhletli ýaşamak üçin rugsatnama alanlary - 86 188 we student wizasy esasynda ýaşaýanlary 12 613 adamdan ybarat.

Türk Migrasiýa Gullugynyň sanlaryna görä, 2023-nji ýylyň başynda ýurtda Türkmenistanyň 222 090 raýaty hasaba alyndy. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede bikanun galýan türkmen raýatlarynyň sany birnäçe esse köp.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi. Şondan soň Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýedäki ýagdaýy has çylşyrymlaşdy. 15 ýyllap türkmen raýatlary wizasyz Türkiýä girip we 30 güne çenli ýurtda bolup bilerdi, bu sebäpli Türkiýe türkmen işçi migrantlarynyň iň köp barýan ýurdy bolupdy.

Türkmenistanyň hökümeti, wiza režiminiň girizilmegini sormagynyň sebäbini we migrasiýa meselesini resmi taýdan agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин поздравил ветеранов и всех жителей Москвы с Днем Победы





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о реконструкции крымской Алупки


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Сергей Брановицкий

Реклама Концертов, Мероприятий, Услуг, Брендов и Людей в Одноклассниках и ВКонтакте.




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Махачкалинское «Динамо» победило «Химки», «Родина» сместила «Арсенал» с 4-го места

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации


WTA

Стало известно, с кем сыграет Вероника Кудерметова во втором круге турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Game News

How to find and use Thalamus in Hades 2



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России