Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2023

Aşgabatda öňki prezidentiň ene-atasynyň ýasyna taýýarlyk görülýär. Ýaşulular paýtagta ugradylýar

0
Aşgabatda öňki prezidentiň ene-atasynyň ýasyna taýýarlyk görülýär. Ýaşulular paýtagta ugradylýar

Aşgabatda öňki prezidentiň ejesi we häzirkisiniň enesi bolan Ogulabat Berdimuhamedowanyň ýas çäreleri dowam etdirýärler. Azatlygyň habarçylary şu anna gününe planlaşdyrylýan ýas çärelerine taýýarlyklar barada habar berýärler.

Aşgabatdaky "Hezreti Omar" metjidinde merhum Ogulabat Berdimuhamedowanyň ýasyna taýýarlyk görülýär. Bu ýerde sadaka hem berler. Bu barada Aşgabatdaky we Lebapdaky habarçylar 12-nji aprelde maglumat berdiler.

Habarçylaryň sözlerine görä, hatyralama çäresi 14-nji aprelde, anna güni geçiriler. Häkimiýetler häzirki we öňki prezidentleriň hossarynyň ýedisini bellemegi meýilleşdirýärler. Bu aralykda, merhumyň ölen senesi resmi habarlarda çap edilmändi.

Ýurduň döwlet we ýarym resmi habar beriş serişdeleri 86 ýaşly ​Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygyny 8-nji aprelde öýlän habar berdiler, gününi we sebäbini mälim etmediler. Şol bir wagtyň özünde, onuň ölümi baradaky ilkinji habar 7-nji aprelde Täjigistanyň prezidentiniň web sahypasynda peýda boldy. Täjik prezidentiniň resmi gynanç haty merhumyň ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň we agtygy prezident Serdar Berdimuhamedowyň Saglyk gününi belläp, müňlerçe adamyň gatnaşdyrylmagyndaky welosiped ýörişlerine we dabaralara goşulan güni peýda boldy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 12-nji aprelde beren habarynda "Hazreti Omar" metjidiniň töwereginde giň gerimli taýynlyk görülýändigini, köp polisiýa we raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň ýygnanandygyny mälim etdi.

Şu günler hatyralama çärelerine welaýatlarda hem taýýarlyk görülýär. Berdimuhamedowlaryň ýasyna gatnaşmak üçin ýerli ýaşulular paýtagta iberilýär.

"Ozalky hatyra çäresi üçin Aşgabada iberilen welaýatly ýaşulylar duşenbe güni gaýdyp geldiler. Emma indi Lebapdan 14-nji aprelde geçiriljek indiki hatyra çäresine gatnaşmak üçin Aşgabada adam iberilýär. Olar öňki prezidentiň kakasynyň ýylyna we ejesiniň ýedisine gatnaşarlar" - diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýarlar.

Sebitdäki başga bir habarçy hem ýerli ýaşulularyň Aşgabada iberilmegi barada habar berýär: “Birnäçe adam iberildi. Olara prezidentiň enesiniň 7-si we atasynyň ýyly mynasybetli hatyralama çärelerine gatnaşjakdyklary aýdyldy. Olary bir günde saglyk barlagyndan geçirdiler we ugratdylar, emma soň yzyna gaýtardylar. Olara entek irdigini, getirmek buýrugynyň ýokdugyny aýdypdyrlar.

Öňki prezidentiň kakasy we häzirki prezidentiň atasy Mälikguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde 88 ýaşynda aradan çykdy.

Ol iki ýyl mundan ozal ýogalanda, tutuş ýurt boýunça ýas tutuldy, ilata azyndan üý günläp toý geçirmek gadagan edildi. Türkmen resmilerine merhumyň kyrkyna çenli saçlaryny syrmak we kellesine tahýa geýmek tabşyryldy. Paýtagtda geçirilen matam çärelerine gatnaşmak üçin welaýatlardan ilatyň ähli gatlaklaryndan adam, şol sanda etnik azlyklaryň wekilleri ugradyldy, olardan milli eşiklerinde bolmak talap edildi. Iki aýlap ilatdan ýas çäreleri üçin pul ýygnaldy.

Prezidentiň atasynyň aradan çykmagynyň ikinji ýyl dönümini bellemek üçin şu ýyl görülýän taýýarlyklar barada habarlar geçen aý peýda boldy. Onuň ölen gününden bir aýdan gowrak wagt öň, martyň ortalarynda, ​"Hezreti Omar" metjidinde uly taýýarlyk başlandy. Bu barada resmi habaryň berilmedik wagtynda görülen taýýarlyklar golaýdaky ýaşaýyş jaýlaryň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna täsir ýetirdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Победительницу "Диктанта Победы" из Томской области наградили в Москве


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин поздравил ветеранов и всех жителей Москвы с Днем Победы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Виктор Пинчук

В Бахчисарае пройдет встреча с путешественником «Земной шар в заштопанном кармане»




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников


WTA

Саснович вышла в основную сетку турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Симферополь

Названы дороги в Подмосковье, где ожидаются пробки 8-12 мая



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России