Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2023

"Gyzlara haryt hökmünde garamak". Daşary ýurtlulara durmuşa çykýan gazak gyzlaryna salgyt salmak pikiri we oňa reaksiýalar

0

Gazagystanyň Mejlisiniň deputaty Karakat Abden "daşary ýurtla durmuşa çykýan gyzlara salgyt salmagy" teklip edýär we ony parlamentde ara alyp maslahatlaşmak üçin, öňe sürmäge taýýardygyny aýdýar. Abdeniň bu beýanaty Gazagystanyň jemgyýetinde gyzgyn jedellere sebäp boldy. Aktiwistleriň bir topary Abdeniň deputatlyk mandatyny yzyna almak üçin, talap hatyny başlatdylar.

«Gazak gyzlary — milli tumardyr. Biz ol tumary nädip daşary ýurtla berip bileris?! Şonuň üçin mende şeýle teklip bar — daşary ýurtly bilen baglaşylan nika salgyt salmaly» diýip, Karakat Abden geçen ýyl saýlawdan öň geçirilen telewideniýe çykyşynda aýtdy.

«Ауыл» partiýasynyň sanawynda deputat bolan Abden 5-nji aprelde Mejlisdäki özara gürrüňçilikde, teklip eden pikirleriniň "öz dowamyny tapjakdygyny" aýtdy. Deputatyň bu sözünden soň, käbir aktiwistler onuň Mejlisden gitmegini talap etdiler. Ýöne Abdeniň pikiriniň dogrudygyna ynanýan tarapdarlary hem bar.

DAŞARY ÝURTLY BILEN NIKA

Aýžan 13 ýyl mundan ozal daşary ýurtla durmuşa çykdy. Maşgala "kyz uzatu", ýagny "gyz çykarmak" däbini Almatyda toýlady. Soňra täze çatynjalar daşary ýurda gitdiler we Taýlandda ornaşdylar. Aýžanyň ýanýoldaşy bu Günorta-Gündogar ýurdunda işleýär. Är-aýal iki gyzy terbiýeläp ýetişdirýärler.

Aýžan daşary ýurtlular bilen baglaşylýan nika üçin salgyt salmak pikiri bilen ylalaşmaýar: "Eger deputat salgyt ýygnalmagyny alada edýän bolsa, onda aýallaryny urýan erkek adamlary pul tölemäge borçly etsin” diýýär. Ol Gazagystanyň häkimiýetleriniň gyzlaryň daşary ýurtlulara durmuşa çykmagyny hiç haçan gadagan edip bilmejekdigini aýdýar.

— Bu gönüden-göni adamyň şahsy hukuklaryna, gazak gyzlarynyň şahsy çäklerine we şahsy azatlygyna aralaşmak. Eger olar bu maksatnamany durmuşa geçirmek isleseler gyzlaryna bilim bermeli däl, daşary ýurda goýbermän, baglap saklamaly. Hakykat ýüzünde Gazagystanda köp milletiň wekilleri ýaşaýarlar. Olar öňden bäri biziň gyzlarymyza öýlenýärler we gyzlaryny biziň ýigitlerimize çykarýarlar. Onda bulary-da gadagan etjekmi? – diýip, Aýžan sowal goýýar.

«GYZ HARYT HÖKMÜNDE»

Halkara hukuklarynyň magistri Aýgerim Kusainkyzy hem Karakat Abdeniň daşary ýurtlular bilen baglaşylan nikadan salgyt almak teklibini adam hukuklarynyň bozulmagy hasaplaýar. Ol bu başlangyjyň gyzlary haryda öwürýändigini aýdýar. Kusainkyzy deputat Abdeniň inisiatiwasyny arzan reklama şowhuny atlandyrýar.

— Aslynda, adamyň saýlamak hukugy, ýaşaýyş hukugy ilkinji orunda durmalydyr. Gyzyň mertebesi gazak jemgyýetinde her bir adamyň diýen ýaly ara alyp maslahatlaşmaga taýýar bolan meselesidir. Çünki biziň jemgyýetimizde milletiň geljegi gyzyň mertebesi bilen baglanyşykly. Eger gyz garyşyk nikada durýan bolsa, millete ýaramaz täsir edýär diýlip hasaplanýar. Ikinjiden, jemgyýetde gyza haryt hökmünde garalýar, ýagny gyz seniň emlägiň, gelmişek ony almaly däl diýýärler. Bu biziň henizem gyzlara emläk hökmünde garaýandygymyzy görkezýär. Eger gazak gyzy daşary ýurtla durmuşa çyksa, oňa hüjüm edýäris hem bütin halkyň namysynyň bar jogapkärçiligini gyzyň üstüne atýarys – diýip, Kusainkyzy düşündirýär.

Sosial ylymlaryň magistri we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Bella Orynbetowanyň pikirine görä, Karakat Abdeniň teklibi aýallaryň derejesini kemsidýär.

— [Abdeniň] teklibi adam hukuklarynyň çäklendirilmegi, adamy jynsy, milletli, maşgala ýagdaýy esasynda kemsidilmegidir. Ikinjiden, gazak jemgyýetinde aýal hukuklarynyň kynçylyklaryny görkezýär, jemgyýetiň kesellerini açýar. Dogrusyny aýtsak, bu teklibiň özi örän gynançly ýagdaý. Aýallaryň zorlanmagy ýyl saýyn artýar. Bu meselede aýallaryň hukuklaryna zyýan ýetirýän şeýle täsir edijileriň hem günäsi bar. Eger-de gazak gyzy özge milletden biri bilen durmuş gurup, bagt tapsa, olar muny kabul edip bilmeýärler – diýip, ol aýdýar.

«HER KIME TALAP BAR»

Deputatyň teklibi bilen ýüze çykan jemagat pikir alyşmagyň yzysüre Karakat Abden öz Facebook sahypasynda düşündiriş şekilli ýazgy çap etdi.

«Saýlaw kampaniýasy döwründe bu başlangyç milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, watansöýüjiligi berkitmäge gönükdirilen çäre hökmünde görkezildi. Men öz başlangyçlarymy parlament möhletinde dowam ederin. Ýöne men Mejlisde hemme taraplaýyn seredilmedik teklibi öňe sürmerin. Deputatyň islendik teklibi ylmy derňewler we jemgyýetçilik barlaglary esasynda amala aşyrylmalydyr» diýip ýazdy.

Beýleki etniki toparlaryň wekilleri bilen gazak gyzlarynyň nika baglaşmagy Gazagystan jemgyýetinde iň ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň biridir. Birnäçe ýyl mundan ozal, şeýle ýagdaý ýüze çykyp, gazak gyzlary başga milletiň wekilleri bilen köçede gezelenç edýän bolsa, ony wideo düşürip, ýazgyny sosial ulgamlarda ýerleşdirdiler.

Wideolary ýerleşdirenler öz hereketlerini "halky halas etmegiň ýeke-täk usuly" diýip düşündirdiler.

Daşary ýurtly bilen gazak gyzlarynyň nikalaşmak meselesi birnäçe ýyl mundan ozal parlamentde orta atyldy. 2012-nji ýylda senatyň deputaty Žabal Ýergaliýew parlamente gazak gyzlarynyň daşary ýurda gitmeginiň çäklendirilmelidigini aýtdy.

Hökümetdäki "Amanat" partiýasynyň sanawyndan şu ýyl Mejlisiň deputatlygyna geçen şahyr Rinat Zeýitow kärdeşi Karakat Abdeniň teklibiniň «eger-de, milletiň nukdaýnazaryndan seredilende, dogry bolmagynyň mümkindigini» aýdýar. Ol "Gazagystan döwletiniň halkyny gorap saklamak üçin ädilen ädimleri goldaýar" diýýär. Zeýitow "gazaklaryň öň zamanda gyz üçin galyň almak däbiniň dowam edendigini" belläp, garyşyk nikadan alynjak salgydy galyň hökmünde hasaplap bolýandygyny ýaňzydýar.

— Eger gyz daşary ýurtly adama durmuşa çykýan bolsa, megerem, onda döwletiň hem hukuklary bardyr ahyryn. Ýurtda her kime talap bar. Şonuň üçinem biz demografik ýagdaýymyzy gowulandyrmak üçin, ýagny meselä milletiň nukdaýnazaryndan seretsek, onda (daşary ýurtly adama durmuşa çykýan gyzlara salgyt salmak), belki, dogrudyr. Döwletiň nukdaýnazaryndan seretseň, adam hukuklaryna garşy delil bolup biler – diýýär.

Beýleki deputatlar bolsa ikuçly jogap berýärler.

— Belki-de, bu ýerde adam hukuklary meselesi bardyr. Muňa kanunyň nukdaýnazaryndan seretmek gerek – diýip, Mejlis agzasy Ýerlan Saýirow aýdýar.

Karakat Abden öň hem jedelli pikiri bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekipdi. Mysal üçin, 2019-njy ýylda onuň "Sen gazak gyzy. Buýsan!" atly kitaby çap boldy. Onda awtor: "Gazak gyzynyň maksady ene bolmak, milletiň ykbaly bolsa aýala baglydyr" diýýärdi. Ol kitap hem zenan aktiwistleri we beýleki aýal aktiwistler tarapyndan tankyt edildi. Tankytçylar gyz maşgalalaryň çaga dogrup, öýde oturmak bilen çäklenmeýändigini, onuň bilim almaga we şahsy ösüşini gazanmaga hukugynyň bardygyny aýtdylar.

Gazagystanyň milli Statistika baradaky döwlet komiteti häzirki wagtda garyşyk nikalar boýunça barlag geçirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал, как Москва заботится о ветеранах Великой Отечественной войны





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о комфортных автопутешествиях


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин принял участие в параде Победы на Красной площади



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Концерт

Концерт, культура, Россия: директор Бурдрамаы награждена медалью «За заслуги перед Бурятией» в Бурятии




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Федерация бокса России почтила память героев в День Победы в Чехове

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»

Футбольный турнир «Вызов» для студентов станет частью праздничных мероприятий ко Дню Победы


WTA

Александрова не смогла обыграть Саснович и покинула турнир WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Путин отметил внимание президента Гвинеи-Бисау к развитию контактов с РФ



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России