Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2023

SpaceX wekiliýeti ýapyk Türkmenistanda geçiriljek halkara transport forumyna ‘gatnaşar’

0
SpaceX wekiliýeti ýapyk Türkmenistanda geçiriljek halkara transport forumyna ‘gatnaşar’

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän SpaceX kompaniýasynyň wekiliýetiniň 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek halkara transport forumyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada türkmen mediasy habar berýär.

Kosmos gämileri, älem giňişligine iberýän raketalary we beýleki asman tilsimatlary bilen tanalýan SpaceX kompaniýasyna amerikaly milliarder Ilon Mask eýeçilik edýär.

Türkmen mediasyna görä, Aşgabatda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023” atly foruma SpaceX bilen bir hatarda Airbus, Boing, Lufthansa, General Electric, Hyundai, Toyota we başga-da birnäçe dünýä belli kompaniýalar gatnaşýar.

Maslahata gatnaşýan beýleki transport kompaniýalaryndan tapawutlylykda SpaceX älem giňişliginiň transport mümkinçiliklerinden peýdalanmagy maksat edinýär, Mars planetasyna we Aýa adam gatnatmagy nazarlaýar.

SpaceX Aşgabatda geçiriljek halkara transport maslahatyna gatnaşyp – gatnaşmajakdygy barada beýanat bermedi.

Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk agentliginiň beýanatyna görä, Aşgabat forumynda pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag ulgamyndaky täze ýagdaýlara uýgunlaşmak hem-de beýleki käbir transport meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmen hökümeti we döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýapyk Türkmenistanda geçirilýän halkara çäreleri, hamala, ýurduň halkara abraýynyň ykrarnamasy hökmünde wagyz edýär.

SpaceX kompaniýasy, mundan ozal, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Thales Alenia Space fransuz kompaniýasy tarapyndan öndürilen ilkinji “TürkmenÄlem” emeli hemrasyny orbita iberdi.

Şol bir wagtda, SpaceX özüniň Starlink ulgamlary arkaly dünýäniň çet künjeklerini ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Türkmenistan bütindünýä Internet toruny giňden petiklemekde tanalýar.

Türkmenistanyň hökümeti Internete bolan “ganym duşmançylygy” bilen tanalýar, ýöne SpaceX dünýäde ählumumy Internet elýeterliligini gazanmak ugrunda tagalla edýär. Häzirki wagtda dünýäniň 50-den gowrak ýurdy SpaceX kompaniýasynyň emeli hemra arkaly ýokary tizlikli Internet mümkinçiliklerinden peýdalanýar.

Ýatlasak, mundan ozal, 2022-nji ýylyň maýynda Starlink emeli hemra Internetiniň Türkmenistanda 2023-nji ýylyň dowamynda elýeterli ediljekdigi barada habarlar peýda boldy. Ýöne 2023-nji ýylyň fewralynda Starlink enjamlarynyň Türkmenistandaky we Özbegistandaky elýeterliliginiň näbelli möhlete çenli yza süýşürilendigi mälim boldy.

Üstesine, milliarder Maskyň eýeçiligindäki beýleki bir iri kompaniýa, Twitter sosial tory Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan petikli saklanýar.

Ilon Mask wagtal-wagtal dünýäniň dürli sebitlerinde geçirilýän we sanly tehnologiýalara bagyşlanýan halkara konferensiýalara wideo aragatnaşyk arkaly baglanyp, adamzat siwilizasiýasynyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary we eýe bolan mümkinçilikleri barada söz sözleýär.

Ýaňy-ýakynda düýbi ABŞ-da ýerleşýän Çikago we Maryland uniwersitetleriniň informasiýa tehnologiýalary boýunça hünärmenler toparlary Türkmenistanda 122 müň töweregi Internet salgysynyň petikde saklanýandygyny anyklady.

Türkmen häkimiýetleri Ilon Maskyň Twitter tory bilen bir hatarda beýleki sosial saýtlary, şol sanda sanda Facebook, Instagram, YouTube ýaly ulgamlary, galyberse-de WhatsApp we Telegram ýaly messenjerleri petikde saklaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda Türkmenistanda ICQ messenjeriniň hem işlemeýändigini, petiklenendigini habar berdiler.

Ýapyk we halkara jemgyýetçiliginden üzňe Türkmenistanyň awtoritar hökümeti öz ilatynyň hereketini 'aňrybaş' çäklendirip, öz raýatlarynyň Internet ulgamyndaky maglumat elýeterliligini 'bogýar', muňa garamazdan, halkara komunikasiýalar we transport mümkinçiliklerine bagyşlanyp geçirilýän halkara forumlara beýemçilik edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин принял участие в параде Победы на Красной площади





Москва

Победительницу "Диктанта Победы" из Томской области наградили в Москве


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин принял участие в параде Победы на Красной площади



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Юрий Шевчук

"Вся лажа этим заканчивается": Шевчук со сцены в Дубае призвал зрителей к революции




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации

Федерация бокса России почтила память героев в День Победы в Чехове

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»


Анна Блинкова

Россиянки Аванесян и Блинкова вышли во второй тур турнира в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Минск

Лукашенко с сыновьями возложил цветы к монументу Победы в центре Минска



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России