Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2023

Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  ‘anna agşamlary’ berilýär

0
Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  ‘anna agşamlary’ berilýär

Balkan welaýatynyň metjitlerinde, göçme çadyrlarda we gonamçylyklarda Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi, prezident Serdar Berdimuhamedowyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowynyň hatyrasyna ‘anna agşamy’ sadakalary berilýär. Ýerli resmiler welaýat häkiminiň dilden beren tabşyrygy esasynda býujet işgärlerinden 40 manatdan pul toplaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Merhumy hatyralap, 21-nji aprelde welaýat boýunça 12 sany metjitde, Türkmenbaşydaky hossarsyz çagalaryň we maýyplaryň mekdep-internatlarynda, üç sany gonamyçylygyň sadaka jaýlarynda sadakalar berilýär.

Sadaka çäreleriniň çykdajylary býujet işgärleriniň we telekeçileriň üstüne ýüklendi, munuň üçin, döwlet edara-kärhanalarynyň her bir işgärinden 40 manatdan mejbury pul toplanýar.

Çäreleriň guramaçylyk işleri ýerli häkimlikleriň işgärlerine, din wekillerine we medeniýet işgärlerine tabşyryldy.

“Ýöne käbir býujet işgärleriniň öz merhum ejelerini hatyralap, sadaka bermäge ýagdaýy ýok. Olaryň gün-güzerany agyr” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, balkanly ýaşaýjylar mejbury sadakalaryň getirjek ‘sogabyny’ sorag astyna alýarlar. Bir ýerli ýaşaýjy “mejbury sadakalaryň sogaby” bilen gyzyklanyp, Türkmenbaşynyň şäher metjidiniň bir din işgärine sorag bilen ýüzlenipdir.

“Inim, biz näme edeli!? Häkim ‘bermeli’ diýdi. Biz pul ýygnadyk” diýip, din işgäri ýerli ýaşaýjynyň soragyny kanagatlandyrmandyr.

Sadaka çärelerini geçirmek üçin, bir topar goýun, günebakar ýagy, tüwi, çörek we süýji-köke ýaly azyk harytlary satyn alnypdyr.

Býujet işgärleri hatyra çärelerini “ýaranjaňlyk” atlandyryp, ýerli häkimleriň döwlet ýolbaşçylaryna “ýaranmak synanyşyklary” häsiýetlendirýärler.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa 7-nji aprelde 86 ýaşda aradan çykdy.

Munuň yz ýany, ýurduň metjitlerinde din wekilleri merhumyň hormatyna aýat-töwir okamak we Gurhan kitabyny hatm etmek bilen borçlandyryldy.

Turkmen.news neşiri Mary welaýatynda öýüne molla çagyrýan adamlara prezidentiň enesini hem ýatlamagyň tabşyrylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi 18-nji aprelde Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň Abyl Işan gonamçylygynyň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň merhum ene-atasynyň hormatyna berlen agzaçar sadakalaryny görkezdi.

Öňki prezidentiň kakasy, Içeri işler ministrliginiň öňki işgäri Mälikguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde 88 ýaşda aradan çykdy.

Prezidentiň enesiniň ölüm habarynyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar özlerine mejbury ýas tutdurulýandygyny gürrüň berdiler. Balkanda durmuş toýlary bir hepde töweregi möhlet bilen yza süýşürildi.

“Býujet işgärleriniň ujypsyz aýlyklary bar. Ol hem aýyň başynda sowlup gutarýar. Öňümizdäki ‘anna agşamyna’ pul tapman, 40 manady hem karz alyp beren adamlar boldy. Resmileriň soran puluny hökmany suratda tapyp bermeli, pul bermedikler ýa-da garşy çykýan adamlar işden kowulýar” diýip, balkanly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenlerde anna gününden öňki penşenbe gününiň agşamynda we anna gününiň dowamynda öten-geçenleri ýatlap berilýän sadakalara ‘anna agşamy’ diýilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa türkmen metbugatynda “mili gymmatlyklaryň döwrebap derejede ösdürilmegine goşant goşan şahsyýet” hökmünde wagyz edilýär.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň tarpa-taýyndan ölüminden soň, 2006-njy ýylda häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň fewralynda “ýaşlara ýol bermegi” makul hasaplaýandygyny aýdyp, prezident wezipesini 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirdi. Soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty we maşgala kulty üznüksiz berkidilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы





Москва

Концерт "Две музы"


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Филипп Киркоров

«Смотрю в зеркало и говорю: ну красивый!»: Филипп Киркоров отметит день рождения в «Шоу Воли» на ТНТ




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Что произошло 8 мая в истории Якутии

Канье Уэст летом выступит с концертом в России

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Дорожники Подмосковья восстановили работу девяти светофоров



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России