Türkmenistan goňşulary bilen aradaky söwdany güýçlendirýär
Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 263,4 million ABŞ dollaryna deň boldy diýip, “Biznes Türkmenistan” Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär.
Ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 218,4 million ABŞ dollaryna barabar bolan bolsa, bu ýurda eden eksporty 45,1 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Özbegistanyň 2023-nji ýylyň ilkinji üç aýynda daşary söwda dolanyşygy 14,8 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,9 göterim ýokarlandy diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4 esse artyp, 211,88 million ABŞ dollaryna ýetendigi aýdylýar.
“Trend” neşiriniň Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň statistik maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, hasabat döwründe Türkmenistan Azerbaýjan bilen aradaky söwda dolanyşygynyň möçberi boýunça ilkinji onbäşlige girdi.
Türkmenistan ýapyk ýurt bolansoň, bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda barlap bolmaýar.