Özbegistan Russiýadan 300 müň tonna nebit satyn alar
Özbegistanyň Energetika ministrligi Russiýanyň “Gazpromneft” kompaniýasy bilen 2023-nji ýylda 300 müň tonna nebit importy barada ylalaşyk baglaşdy diýip, Gazeta.uz habar berýär.
Energetika ministrliginiň bölüm müdiri Adhamhamon Ubaýdullaýew bu habary 25-nji aprelde geçirilen üç günlük “Innoprom” sergisinde yglan etdi.
“Innoprom. Merkezi Aziýa” sergisine Russiýadan, Özbegistandan we GDA-nyň beýleki ýurtlaryndan 300-den gowrak kompaniýa gatnaşdy.
Ýatlatsak, Özbegistan we Gazagystan 2023-nji ýylda 300 müň tonna gazak nebitiniň iberilmegi, 300 müň tonna rus nebitiniň bolsa Gazagystanyň üstünden geçirilmegi barada ylalaşyk baglaşdy.
Şeýle-de, taraplar gaz saklanylýan desgalary döwrebaplaşdyrmak we gurmak, Özbegistana energiýa ibermek üçin Gazagystanda kömür ýylylyk elektrik stansiýasyny gurmak barada ylalaşyk baglaşdylar.