Pakistanda “Talyban” polisiýa has köp hüjüm etjekdigini aýdýar
Pakistandaky “Talyban” topary kanun goraýjy gulluklaryň işgärlerine garşy has köp hüjümleri amala aşyrjakdygyny yglan etdi. Bu beýanatdan bir gün öň, ýagny 17-nji fewralda Karaçi şäherinde polisiýanyň binasyna janyndan geçeniň hüjümi netijesinde dört adam heläk boldy. Pakistanda “Talyban” bilen göreşde esasan polisiýa güýçleri çekilýär. Jeňçiler ýygy-ýygydan ofiserleri nyşana alýarlar.