Raisi eýranly protestçileriň ýeňilendigini öňe sürýärkä, hakerler onuň çykyşyny kesdi
Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi, 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasynyň 44-nji ýyl dönüminde eden çykyşynda tutuş ýurtda hökümete garşy protestleriň ýeňlişe sezewar bolandygyny aýtdy. Onuň 11-nji fewralda eden bu çykyşy Eýranyň şäherlerinde müňlerçe eýranlynyň ýöriş geçiren we ýurt harbylarynyň paýtagt Tähranda käbir tehnikalaryny görkezen mahalyna gabat geldi. 1979-njy ýylda Pahlawi dinastiýasynyň agdarylmagy bilen tamamlanan rewolýusiýanyň ýyl dönümini hatyralamak dabarasy her ýyl 11-nji fewralda geçirilýär. Читать дальше...