Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2023

Lebaply býujet işgärleri: Aýlyklar iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlandy

0
Lebaply býujet işgärleri: Aýlyklar iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlandy

Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň 10% ýokarlanmagy bilen, býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin tutulýan tutumlaryň möçberi hem artýar. Netijede, Lebap welaýatynyň dürli döwlet edaralarynda işleýän býujet işgärleriniň ençemesi aýlyk zähmet haklarynyň iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlanandygyny aýdýar.

"Men 2022-nji ýylda ähli tutumlary tölänimden soň, elime arassa 1300 manat galýardy. Ýöne aýlyklar galdyrylandan soňra, ýanwar aýynda elime alan aýlygym hem ondan o diýen üýtgeşik bolmadym. Sebäbi aýlyklar 10% ýokarlandyrylan bolsa, tutumlaryň möçberi hem artdy. Şeýlelikde, ýanwarda elime 1390 manat möçberinde aýlyk galdy" diýip, Türkmenabat şäheriniň Jaý dolandyryş edaralarynyň birinde işleýän işgär anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň köpüsinde işgärleriň aýlyk zähmet haklaryndan 4% salgyda, 2% pensiýa fonduna, 3% saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna, 1% kärdeşler arkalaşyklaryna alynýar.

"Aýlygyň ýokarlansa, tutumlaryň möçberi hem awtomatik usulda artýar. Şeýlelikde, hakykat ýüzünde aýlygyň doly 7% hem ýokarlanmaýar" diýip, Türkmenabadyň bir edarasynda sakçy bolup işleýän işgär anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy.

Lebaply býujet işgärleri ýaşaýyş-durmuşyň her ýyl onlarça göterim gymmatlaýandygyny aýdyp, aýlyklaryň 10% ýokarlandyrylmagynyň ilatyň durmuşyny gowulandyrmaýandygyny belleýärler.

"Häzir iň arzan unuň bir haltasy 370 manatdan, bäş litr günebakar ýagynyň bahasy 155 manatdan satylýar. Ýaşaýyş üçin zerur bolan diňe şu iki esasy azygy satyn almak üçin aýlygymyň tas 40%-i gidýär. Mundan başga-da, çaý, şeker, mesge, et, ýuwunyp ardynmak üçin senagat serişdelerini satyn almaly. Gaz, elektrik we suw töleglerini tölemeli. Galan zatlary özüňiz hasaplap görüň" diýip, Jaý dolandyryş edarasynyň işgäri aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow zähmet haklarynyň we beýleki kömek pullarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky karara geçen ýylyň 8-nji iýulynda gol çekdi.

Şonda bu karara ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekilendigi aýdyldy, ýöne inflýasiýanyň derejesi agzalmady.

Türkmenistanlylaryň ençemesi ýaşaýyş-durmuşyň 10% köpeldilýän aýlyklardan ençeme esse köp gymmatlaýandygyny aýdyp, munuň "gözboýagçylykdan başga zat däldigini" geçen tomusdan bäri birnäçe gezek aýtdy.

Ýurtda "Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmagyň” ýeterlikdigini Türkmenistanyň öňki prezidenti, häzir Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem sorag astyna alypdy.

Geçen ýylyň noýabrynda eden çykyşynda ol 2023-nji ýylyň döwlet býujeti hakyndaky kanun taslamasyna gaýtadan seredilmelidigini hem aýdypdy. Emma şondan bäri bu meseläni ne Gurbanguly Berdimuhamedow, ne-de türkmen hökümeti gaýtadan gozgady.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda alty ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklary, işsizligiň derejesini, bularyň ilata ýetirýän täsirlerini resmi taýdan boýun alman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи





Москва

Что лечит невролог и с какими симптомами к нему обращаться?


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Поклонники в печали! Анастасию Волочкову засняли на Мальдивах в трауре




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета


ATP

Российский теннисист поднялся на две позиции в топ-10 рейтинга ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru