Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2023

Garagum derýasynyň akymyny üýtgeden böleginiň öňi beklenýär

0
Garagum derýasynyň akymyny üýtgeden böleginiň öňi beklenýär

Mary welaýatynda Garagum derýasynyň öz akymyny üýtgedip, çöle tarap akyp başlan böleginiň öňi beklenýär. Tas bir aýa golaý wagtdan soň başa barandygy aýdylýan bu çäräniň yzysüre, häkimiýetler bu işlere gatnaşan tehnikalar üçin sarp edilen ýangyjyň möçberini derňäp başladylar.

"Niçka obasynyň golaýyndaky 'Üçajy' atly ýerde Garagum derýasynyň çölüň içine akýan bölegi ýapyldy. Bu işlere gatnaşmaga giden döwlet edaralarynyň, hususy kärhanalaryň işgärleri we hakyna tutulan işçiler öýlerine dolandylar. Adamlar derýanyň agan ýeriniň beklenendigine gaty begendiler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Häkimiýetler bu maglumaty ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler. Adatça bolşy ýaly bu barada berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.

Türkmenistanda ýanwar aýynda höküm süren aşa sowuk howa Garagum derýasynda buzluklary emele getirdi. Howanyň maýlap, buzluklaryň eräp başlamagy bilen, Türkmengala etrabynda ýerleşýän "Zähmet" daýhan birleşigindäki "Üçajy" atly ýerde derýa öz akymyny üýtgedip, bölekleýin çölüň içine akmaga başlady.

Häkimiýetler ilatly nokatlary suw almak howpunyň bardygyny duýduryp, ýanwaryň ikinji ongünlüginden bäri böwsüp çykan suwuň öňüni almaga çalyşýardylar. Bu işlere döwlet edaralarynyň erkek işgärleri, hakyna tutma işçiler, iş kesilen tussaglar çekildi.

Öýlerine dolanan býujet işgärleriniň ençemesi derýanyň çöle tarap agan böleginiň öňüni böwetlemek boýunça alnyp barlan işler barada hem maglumat berdi. Olar derýanyň bu böleginiň uzynlygynyň 500 metre golaý bolandygyny, şonuň 20-25 metrini gömmek işleriniň aňsat bolmandygyny aýdýarlar.

"Demir konteýnerler bilen gumdan doldurylan haltalary döküp, suwuň öňüni beklemekçi bolanymyzda olar suwuň akymyna tarap akyp gitdiler. Iň soňunda, 1 müň 400-lik uly, daşy gara rezinli, her biri 11 metrden ybarat bolan 10-11 sany turba oklamana başladylar. Soň şol turbalaryň üstüni daş, gum bilen gömdüler. Uly turbalaryň içinden suw arkaýyn geçensoň, suw ýokarky gatlaga guýýan çagylly, daşly gumlarymyzy syryp alyp gitmedi. Soňra ýeke-ýekeden, bir başdan turbalaryñ öňüni gömmäge başladyk. Uly turbalaryñ öňüni galyň demir bilen ýapyp, onuň öňünden uly tehnikalar bilen gum taşladyk. Şeýdip derýanyň suwy beklendi" diýip, ýagdaýdan habarly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Ýatymlyk ugradylyp, ýaramaz iş şertlerinde işländiklerini aýdýan býujet işgärleriniň ençemesi özlerine goşmaça hak tölenmeýändigini aýdýar.

"Häkimiýetler bize we bu işlere öz hususy tehnikalaryny iberen hususy kärhanalaryň ýolbaşçylaryna diňe 'sagbolsun' aýtmak bilen çäklendiler" diýip, býujet işgäri belledi.

Şol bir wagtda, derýanyň çöle akýan böleginiň ýapylandygy baradaky habarlaryň yzyzsüre, häkimiýetleriň bu işlere gatnaşan tehnikalar üçin sarp edilen ýangyjyň möçberini derňäp başlandygy hem aýdylýar.

"Häzir derýanyň joşan akabasynyň öňüni böwetlemek işlerine gatnaşan döwlet kärhanalary we olaryň bu işleri amal eden agyr tehnikalary derňelýär. Käbir edara ýolbaşçylary işi doly ýerine ýetirmän, dizel ýangyjyny ulanandygyny görkezipdirler we bu ýangyjy üçünji taraplara satypdyrlar" diýip, derňew işlerine gatnaşýan bir resmi anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Marynyň häkimliginden, prokuraturasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Sebit ýa ýurt resmileri, şeýle-de metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Ýöne soňky bir aýyň dowamynda Mary welaýaty Türkmenistanyň prezidentiniň üns merkezinde boldy. Serdar Berdimuhamedow ýanwaryň ortasyndan bäri sebite azyndan bäş gezek sapar etdi. Ol jikme-jik maglumat bermezden, Garagum derýasynda buz gatlagynyň dörändigini, şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о реконструкции крымской Алупки


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бенни Гудмен

В Доме Единства состоится джазовый концерт, посвященный Бенни Гудмену




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»


ATP

После победы в Мадриде Рублев поднялся с 8-го на 6-е место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Game News

How to find and use Thalamus in Hades 2



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России