Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2023

Balkanda turan tozanly ýel jaýlaryň üçeklerindäki örtükleri opurdy, elektrik we Internet üpjünçiligini bökdedi

0
Balkanda turan tozanly ýel jaýlaryň üçeklerindäki örtükleri opurdy, elektrik we Internet üpjünçiligini bökdedi

Sişenbe güni, 21-nji fewralda Türkmenistanyň günbatar welaýatynyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýel turdy. Ýeliň netijesinde ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň üçeklerine zeper ýetdi. Käbir ýerlerde elektrik we telefon simlerini geçirýän sütünler, agaçlar ýykyldy. Bu waka, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýeliň turmagyna garaşylýandygyny duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

"Irden turan ýel Türkmenbaşy şäheri bilen Bereket etrabynyň arasynda orta derejeli weýrançylyklara sebäp boldy. Köp binalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerindäki örtükler gopup, uçup gitdi. Sebitde elektrik we Internet üpjünçiligi kesildi. Käbir sebitlerde mobil we öý telefonlary hem işlemedi" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Tozanly ýeliň getiren ýaramaz netijeleri Akdaş ýaşaýyş toplumynda has-da köp duýuldy. Güýçli ýel dag depesinde ýerleşýän bu toplumdaky 50-den gowrak binanyň üçeklerindäki örtükleri opurdy.

"Ýaşaýyş toplumyndaky elektrik we telefon simlerini geçirýän kabel sütünleri ýykyldy. Şeýle-de, uly agaçlaryň birnäçesi opurlyp, ýykyldy. Ýaşaýjylaryň ýaralanandygy barada maglumat ýok" diýip, habarçy aýtdy.

Mundan başga-da, tozanly ýel sebäpli sebitdäki ýollarda we köçelerde görüjilik pes boldy. Adamlar 30-50 metrden uzak aralygy görmekde kynçylyk çekdiler.

"Sürüjiler ýol heläkçilikleriniň bolmagyndan howatyrlanyp, haýal hereket etdiler" diýip, habarçy belledi.

Güýçli ýel Hazar deňziniň türkmen kenarynda gämi gatnawyna hem täsir ýetirdi. 21-nji fewralda sebitdäki gämi gatnawlary wagtlaýyn togtadyldy.

"Deňziň içindäki ýük gämileri hem ýakerlerini suwa taşlap, 12 sagat çemesi ýüzmän garaşmaly boldular" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, mobil we öý telefonlarynyň üpjünçiligi agşam sagat 7 töwereginde dikeldildi. Türkmenbaşynyň käbir köçelerinde elektrik üpjünçiligi agşam wagty hem ýola goýulmady.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri güýçli ýel barada halk köpçüligine öňünden maglumat ýa duýduryş bermediler.

Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalynyň "Watan" habarlary gepleşiginiň 20-nji fewralda efire berlen sanynda 21-nji fewralda Balkanda demirgazyk-günbatardan tizligi 9-14 m/s, kä ýerlerinde 16 m/s çenli ýetýän şemalyň öwüsjekdigi aýdylsa-da, güýçli ýel barada agzalmady.

Ýöne howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýeliň turmagyna garaşylýandygy barada baryp 18-nji fewralda habar berdi.

"21-nji fewralda Türkmenistanyň birnäçe sebitinde güýçli ýel, tozan tupany turar, dumanly we tozanly ýagyş ýagar. Balkanda ýeliň tizliginiň 14-19 m/s çenli güýçlenmegine, käbir ýerlerde tozanyň süýşmegine, dumanly [howanyň bolmagyna garaşylýar]" diýlip, maglumatda bellendi.

Türkmen häkimiýetleri ýurt çäginde bolýan tebigy hadysalar, ýertitremeler, suw joşgunlary, sil gelmegi ýa ýel-tupan turmagy, olardan çekilen zyýan, adam ýitgileri barada ne öňünden, ne-de yzýanyndan maglumat berýärler. Habarçy bu ýagdaýyň ilaty şu günlerde has-da aladalandyrýandygyny aýdýar.

"Güýçli ýelden soň, kenarýaka şäher ilaty ýer yranmasynyň bolmagyndan howatyrlanýarlar. Adamlaryň arasynda panikany duýsa bolýar. Bu panika sebitde soňky aýlarda bolan aram ýer yranmalary hem sebäp bolýar. Häkimiýetleriň bu ýagdaýlar barada düýpgöter agzamazlygy, ilaty has-da aladalandyrýar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda soňky ýyllarda anomal howa hadysalary, şol sanda güýçli tozanly ýeller ýygy-ýygydan bolýar. Habarçylarymyz 2022-nji ýylyň dowamynda ýurt boýunça şeýle ýelleriň azyndan 20 sanysynyň bolandygyny habar berdiler.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о доступности популярных туристических объектов


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Тимати

«С новосельем, моя сладкая!»: бабушка Симона показала дом дочки Тимати




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета


Андрей Рублёв

Рублёв стал победителем «Мастерса» в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Путин заявил о высокой степени свободы перемещения товаров в ЕАЭС



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России