Türkiýeliler prezident we parlament saýlawlarynda ses berýär
Türkiýeliler 14-nji maýda häzirki zaman Türkiýesiniň 100 ýyllyk taryhynda, prezident Rejep Taýyp Erdogany 20 ýyllyk dolandyryşyndan aýryp, onuň barha beter awtoritarlaşýan hökümetini togtadyp biljek iň wajyp saýlawlaryň birinde ses bermäge başlady. Ses berişlikde diňe 85 million ilatly NATO agzasyna kimiň ýolbaşçylyk etjekdigi däl, eýsem onuň ýasaýjylara barha gymmat düşýän ykdysady krizisiň arasynda nähili dolandyryljakdygy, ýurduň öňünden aýdyp bolmajak öwrümlere gelen daşary syýasat ugry hem keditlener. Читать дальше...