Tanymal türkmen 'YouTube' blogçysy Farhat Durdýew Stambulda tussag edildi
Türkmen aktiwisti-blogçy Farhat Durdyýew ady bilen tanalýan Farhat Meýmankuliýew Stambulda tussag edildi. Aktiwistiň egindeşleri Meýmankuliýewiň tussag edilendigi barada Azatlyga habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, Meýmankuliýew 19-njy maýda agşam sagat 9 töweregi öýünde tussag edilipdir. Meýmankuliýew tussag edilenden soň, Stambulyň Tuzla etrabyndaky deportasiýa merkezine iberildi. Deslapky maglumatlara görä, türk polisiýasy aktiwisti Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň arzy esasynda tussag edipdir. Читать дальше...