Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 09.05.2023

Narwa galasynyň diwarynda "Putin uruş jenaýatçysy" diýen plakat asyldy

Azathabar.com 

Estoniýanyň Russiýa bilen serhetde ýerleşýän Narwa şäherinde bir gala diwarynda 9-njy maý güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň suraty we iňlis dilinde "Putin uruş jenaýatçysy" diýen ýazgyly uly plakat ýerldşririldi diýip, Azatlygyň Rus gullugy habar berýär. Bu plakat Russiýanyň derýanyň beýle tarapynda ýerleşýän Iwangorod şäheriniň ýaşaýjylaryna gowy görünýär. Plakat suraty galada ýerleşýän Narwa muzeýiniň sosial ulgamlardaky sahypasynda hem ýerleşdirildi. "Postimees" neşiriniň habaryna görä... Читать дальше...

Okuwçylar mekdebi abatlamak üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda okuw ýylynyň soňunyň golaýlamagy bilen, adat bolşy ýaly, mekdeplerde we okuw-terbiýeçilik edaralarynda abatlaýyş işleri üçin ýene-de mejbury pul toplanýar. Mary welaýatynda ähli mekdepleriň okuwçylary dynç alyşdan öň degişli klas ýolbaşçylaryna azyndan 50 manat tabşyrmaly edildi. Pul bermekden ýüz öwürýänlere, ‘ýaramaz bahalar’ bilen haýbat atylýar. Agyr ykdysady krizisiň arasynda, ene-atalar bu çykdajylaryň özlerine goşmaça agram salýandygyny aýdýar.



Protestleriň yz ýany, Köneürgençde Internet kesildi, ýene bir etrapda nägilelik aksiýalary geçirildi

Azathabar.com 

Köneürgenç etrabynyň “Täze ýap” we “Zaman” daýhan birleşiklerinde 28-nji aprelde 280 töweregi ýerli ýaşaýjýynyň döwlet dükanlaryndan ýeňillikli azyk paýlaryny talap edip geçiren aýrybaşga iki protest aksiýasynyň yz ýany, sebitde Internet aragatnaşygynyň kesilendigi, howpsuzlyk güýçleriniň köçelerde patrullyk edýändigi barada habarlar gowuşýar. Bu aralykda, ilatyň subsidirlenen azyk paýlaryny talap edýän täze protest çäreleri Köneürgenç etrabynyň 30 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem hasaba alyndy.

Balkanda soňky jaň dabaralaryndan öň, bir mekdep okuwçysy özüni heläkledi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde maý aýynyň 25-nde geçirilýän soňky jaň dabaralaryndan öň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bir mekdep okuwçysy öz janyna kast etdi. Muňa okuwçynyň dabaralara görülýän taýýarlyklara pul tapmazlygynyň sebäp bolandygy aýdylýar. "Şäheriň 18-nji mekdebiniň 11-njy synp okuwçysy geçen hepdäniň şenbe güni, ýagny 6-njy maýda gije sagat 3 töwereginde öz öýünde asylan ýagdaýda tapyldy. Merhumy tanaýanlaryň aýtmagyna görä, ol synpdaşlarynyň taýýarlyklar üçin pul sorap eden basyşlaryna çydamandyr" diýip... Читать дальше...

Türkmen prezidentiniň saparyndan öň, Duşenbede türkmen-täjik işewürleriniň mejlisi geçirildi

Azathabar.com 

Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistanyň birnäçe döwlet kärhanasynyň we hususy düzümleriniň arasynda 20-den gowrak hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana etjek döwlet saparynyň öňüsyrasynda, 8-nji maýda Duşenbede işine başlan türkmen-täjik işewürler maslahatyny türkmen tarapyndan hökümet başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew... Читать дальше...

Köýtendagy Aşgabatdan gelen resmileriň dynç alyşy sebäpli ‘ýapdylar’

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogaryndaky owadan tebigaty bilen tapawutlanýan Köýtendag sebiti geçen hepdäniň aýagynda syýahatçylar üçin ýapyldy. Bu ýagdaýlary başdan geçiren çeşmämiz, 5-6-njy maý aralygynda sebite ýokary derejeli resmileriň dynç almaga gelendigini, şol sebäpli gelim-gidimli regionyň adaty durmuşunyň togtandygyny gürrüň berdi. “Geçen anna we şenbe günleri syýahata gelenleri Köýtendagyň barlag postundan geçirmediler. Polisiýa bu ýere Aşgabatdan ýokary derejeli resmileriň gelendigini, olar dynç alyp gideninden soňra... Читать дальше...

Türkmenistan gowaça ekişiniň tamamlanandygyny yglan etdi, ýöne kärendeçiler ekişiň 50% ýerine ýetirilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynda agronomlar we pagtaçy kärendeçiler sebitiň köp ýerinde gowaça ekişine heniz hem girişilmändigini belläp, ekişiň gijä galýandygyny aýdýarlar. Bu waka welaýat häkimleriniň ýurtda gowaça ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat bermeginden 10 gün soňa gabat geldi. 1-nji maýda prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Şonda welaýat häkimleri... Читать дальше...

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini we lukmanlaryny iberýär

Azathabar.com 

Türkmen prezidentiniň buýurgy esasynda, şu aýda Owganystanyň halkyna ýene bir ynsanperwrlik kömegi iberiler. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine lukmançylyk maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy. Bu kömegiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat... Читать дальше...

Berdimuhamedow Moskwada Ýeňiş güni dabaralaryna gatnaşmaga geldi

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ikinji jahan urşundan bäri materigiň iň uly gury ýer urşuny alyp barýan wagtynda, öňki sowet döwletleriniň ýedi lideri 9-njy maýda 1945-nji ýylda gazanylan Ýeňşi bellemek üçin Gyzyl meýdançada geçiriljek parada gatnaşar. Türkmenistanyň prezidenti Moskwa şu gün geldi.  Rus mediasy Putiniň Serdar Berdimuhamedowy Kremlde garşylandygyny habar berdi.   Mundan öň Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Belarusyň awtoritar liderleriniň gatnaşýan... Читать дальше...



Москва

По запросу Баку в Москве незаконно был задержан известный российский политолог Михаил Александров


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Москва взяла Гран-при премии «Умный город» за цифровизацию горхозяйства



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Филипп Киркоров

Киркорова оштрафовали на 6 тысяч рублей из-за неуплаченного штрафа в 3 тысячи




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Росгвардия обеспечила правопорядок во время футбольного матча «ЦСКА» - «Спартак» в Москве

В Московской области прошел чемпионат Центрального округа Росгвардии по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

Команда подмосковного главка Росгвардии заняла призовое место на чемпионате Центрального округа по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия


Новак Джокович

Кто отец Дианы Джокович?



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

В Московской области прошел чемпионат Центрального округа Росгвардии по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России