Türkiýede prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär
28-nji maýda Türkiýede prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär. Saýlawlarda Türkiýäni eýýäm 20 ýyl çemesi dolandyrýan häzirki prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen oppozisiýadan kandidat Kemal Kylyçdaroglu bäsleşýär. Saýlawlaryň birinji tapgyry 14-nji maýda geçirildi. Emma onuň netijeleri boýunça, dalaşgärleriň hiç biri ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň 50%-ni alyp bilmedi. Türkiýäniň häzirki prezidentlik saýlawlary ýurduň respublika hökmündäki taryhyndaky iň dartgynly ses berişlikleriň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Читать дальше...