Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 31.05.2023

Maryda gemrijiler köpelýär, sanitariýa hünärmenleriniň hödürleýän çäkli çözgüdi netije bermeýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Baýramaly we Garagum etraplaryndaky ekerançylyk meýdanlarynda, hojalyklaryň ot-iým saklanýan jaýlarynda, köpgatly jaýlaryň ýerzeminlerinde alakalar we syçanlar köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji maýda sebitden maglumat berdi. Oba ýerlerinde ekerançylyk bilen meşgullanýan ýaşaýjylaryň ençemesi ekin meýdanlarynda, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has köp alakalaryň we syçanlaryň peýda bolýandygyny aýdýarlar. “Alakalar we syçanlar öňler seýrek hem bolsa gabat gelerdi, ýöne şu ýyl has-da köpeldi. Читать дальше...

Balkan: her bir mekdebe birnäçe çagany dynç alyş merkezine ugratmak tabşyryldy

Azathabar.com 

Tomus kanikul möwsüminiň golaýlamagy bilen çagalaryň dynç alyş meselesine üns artýar. Balkan welaýatynda häkimiýetler mekdep okuwçylarynyň dynç alyşyny guramalaşdyrmak meselesini mekdeplere tabşyrdylar. Hususan-da, her bir mekdepden birnäçe çagany döwletiň garamagyndaky dynç alyş zolaklaryna ugratmak tabşyryldy, mekdepler bolsa muny ene- atalardan talap etdi.

Haj zyýaratyna ugradyljak adamlar seljerilýär, korrupsiýa aladalary bildirilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda şu ýyl döwlet goldawy bilen haj zyýaratyna ugradylmaly mümkin adamlaryň üç arka garyndaşlarynyň arasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilenleriň barlygy ýa ýoklugy seljerilýär. Iýunyň ortalarynda Saud Arabystanyna gitmeli zyýaratçylaryň sanawynyň töweregindäki alym-berim hadysalary barada hem maglumatlar gowuşýar.



Lebapda salgyt gullugy hususy telekeçileri, taksiçileri “güýçlendirilen tertipde” barlaýar

Azathabar.com 

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda bu günler salgyt gullugynyň işgärleri esasy ýollaryň ugrundaky hususy eýeçilikdäki kärhanalarda, söwda dükanlarynda barlaglary geçirýärler. Şeýle-de şäheriň ýol polisiýasy taksçilik bilen meşgullanýan sürüjileriň degişli patentini we salgyt töleglerini barlaýar. Bularyň anyk sebäbi aýdylmaýar. Emma birnäçe günden bäri güýçlendirilen bu çäreler welaýata prezident Serdar Berdimuhamedowyň etmegine garaşylýan saparynyň çäginde görülýän giň taýýarlyklara gabat gelýär. Читать дальше...

Gazak aktiwistleri syýasy yzarlamalaryň pidalaryna bagyşlanan çäräni goýbolsun etdiler

Azathabar.com 

Gazagystanly aktiwistler 31-nji maýda Syýasy yzarlamalaryň pidalarynyň hatyra gününe bagyşlap geçirmekçi bolan ýörişlerini goýbolsun etdiler. Olar polisiýanyň egindeşleriniň birnäçesini tussag edendigini we bu çäräniň geçirilmegine başga-da bir topar päsgelçilik döredendigini aýtdylar. Guramaçylar bu çäräni geçirmäge ýene, 27-nji sentýabrda gaýtadan synanyşjakdyklaryny aýtdylar. Polisiýa bu waka barada hiç bir düşündiriş bermedi. Ýöne prokuratura adamlara ýörişe gatnaşmazlyk barada duýduryş... Читать дальше...

Gallaçy kärendeçiler pes hasylly bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine girişýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda gallaçy kärendeçiler bugdaý oragyna girişýärler. Ýerli daýhanlar üstümizdäki hasyl möwsüminde bugdaýyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar. “Etrabyň çäginde üç günüň dowamynda 700 gektar töweregi bugdaý meýdanyndan hasyl ýygnaldy. Orak geçirilen ýerlerde gallaçy kärendeçileriň tas ählisi diýen ýaly döwlete bergili çykdy” diýip, balkanly bir oba hojalyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Ýerli kärendeçiler geçen ýylyň dowamynda suw ýetmezçiliginiň ýitileşmegi... Читать дальше...

Türkmenabatda gijelerine hem işlän meşhur dükan ýapyldy

Azathabar.com 

Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinde gijelerine hem näresmi ýagdaýda hereket eden meşhur söwda dükanlarynyň biri ýapyldy. Sebitiň häkimiýetleriniň ähli söwda nokatlaryny gije sagat 21:00-dan soň ýapmak baradaky dowam edýän talaby, kiçi telekeçileriň mümkin girdejilerinden mahrum bolmagyna getirýär. Hususy dükan eýeleri häkimiýetleriň çäklendirmeleri bilen birlikde, dürli barlag gulluklarynyň para talaplary hem söwdadan el çekmegine sebäp bolýandygyny aýdýarlar. 25-nji maýda Türkmenabadyň merkezindäki... Читать дальше...

Balkan sebitinde 5,1 ball güýjünde ýer titremesi boldy

Azathabar.com 

Günbatar Türkmenistanyň Balkan sebitinde 31-nji maýda sagat 09:04 töwereginde 5,1 ball güýjünde ýer titremesi boldy diýip, Krizis24 neşiri habar berýär. Ýer titremesiniň merkezi, habarda aýdylmagyna görä, Balkanabatyň demirgazyk-gündogarynda, 53 km uzaklykda ýerleşýär. Ýer titremesi takmynan 11 km (7 mil) çuňlukda bolup geçdi we Balkan sebitinde ýuwaşdan ýeňil sarsgynyň duýlan bolmagy mümkin. Türkmen metbugaty tebigy hadysalar, şol sanda ýer yranmasy, çekilen zyýan barada maglumat bermeýär.



Blinken Türkiýäni Şwesiýanyň NATO agzalygyny haýal etmän tassyklamaga çagyrýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Türkiýäni Şwesiýanyň NATO-a goşulmagyny tassyklamak baradaky işlerini haýal etmän jemlemäge çagyrdy. Ol demirgazyk ýurdunyň Ankaranyň görkezen meselelerini çözmek üçin eýýäm möhüm çäreleri görendigini aýtdy. Blinken 30-njy maýda, Şwesiýanyň premýer-ministri bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Waşingtonyň NATO-nyň iýul aýynyň ortalarynda geçiriljek we bileleşigiň ýurtlarynyň baştutanlaryny bir ýere jemlejek sammitinde Şwesiýanyň harby... Читать дальше...

Rumyn mugallymlary Buharestde has ýokary aýlyk üçin ýöriş edýär

Azathabar.com 

Rumyniýada on müňlerçe başlangyç we orta mekdep mugallymy 30-njy maýda Buharest şäheriniň merkezindäki hökümet binasyna ýöriş edip, has gowy aýlyk berilmegine, bilime has köp maýa goýulmagyna we ýurduň bilim ulgamyny özgertmäge çagyrdy. Guramaçylar Kotroceni köşgüne tarap ugur alan ýörişe 15,000-20,000 aralygynda mugallymyň gatnaşýandygyny, soň öz wekilleriniň prezident Klaus Iohannis tarapyndan kabul edilmegine çagyrjakdyklaryny aýtdylar. Bileleşik ýolbaşçylary hökümetiň 22-nji maýda başlanan... Читать дальше...

Haj zyýaraty dereje hem hormat üçinmi? Dindarlaryň komiteti "hajy" derejesinden nädogry peýdalanylyşyna alada bildirýär

Azathabar.com 

Täjigistan hökümetiniň ýanyndaky Din işlerini, däpleri, dabaralary we dessurlary düzgünleşdirmek komitetiniň jogapkär işgärleriň biri Täjigistanda Mekgä haj zyýaratyna gidip gelenden soň gazanylýan "hoji" (hajy) derejesinden, nädogry peýdalanylmagyna alada bildirdi. Täjigistanyň Dini komitetiniň Halkara gatnaşyklary we Haj zyýaratyny guramalaşdyrmak bölüminiň başlygy Abdugaffor Ýusubow bu komitetiň «Дин ва чомеа» ("Din we jemgyýet") žurnalynda ýazan makalasynda, käbir adamlaryň haj zyýaratyny öz bähbidi üçin berjaý edýändigini... Читать дальше...

NATO Kosowa has köp esger iberer, ABŞ Pristinanyň harby türgenleşiklerini togtatdy

Azathabar.com 

NATO, ýurduň demirgazygyndaky zorlukly protestleriň öňüni almak tagalllarynyň çäginde, Kosowa ýene-de 700 esger ibermek kararyna geldi, ABŞ bolsa, etniki-alban häkimiýetleri bilen köplük bolup durýan etniki serbleriň arasynda bolan çaknyşykdan soň, Kosowanyň NATO türgenleşigine gatnaşmagyny togtatdy. NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 30-njy we 29-njy maý günleri bolan çaknyşykdan soň NATO goşunlarynyň “Kosowadaky raýatlaryň ählisiniň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek üçin zerur bolan ähli çäräni görjekdigini” duýdurdy. Читать дальше...

Häkim: Dron zarbasy Russiýanyň nebit zawodynda ýangyn turuzdy

Azathabar.com 

Russiýanyň Krasnodar sebitiniň häkimi Weniamin Kondratýew 31-nji maý güni irden öten agşam bu sebitde ýerleşýän nebit arassalaýan zawodda ýangyn turandygyny aýtdy. Ol bu ýagyna dron zarbasynyň sebäp bolandygyny öňe sürdi. Häkimiň tassyklamagyna görä, pilotsyz uçaryň uran zarbasy “Afip” zawodynyň nebit guýýan bölümleriniň birinde ýangyna turmagyna getirdi. Kondratiýew ejir çekenleriň ýokdygyny aýtdy we soňra ýangynyň söndürilendigini habar berdi.



Москва

Новый транспортный хаб начали строить Казахстан, РФ и Китай


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Искусственный интеллект станет базовой медицинской технологией в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Пётр Чайковский

В Воткинске 7 мая отметят День рождения Петра Чайковского




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Команда подмосковного главка Росгвардии заняла призовое место на чемпионате Центрального округа по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

В Московской области прошел чемпионат Центрального округа Росгвардии по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

Андрей Мидловец выиграл якутский финал на первенстве России


WTA

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России