Türkmenistanyň çäginde aram güýjündäki ýer yranmasy boldy
30-njy aprelde Türkmenistanyň Balkan sebitiniň günorta-gündogarynda, ir sagat 6-da 4,4 güýjündäki ýer titremesi boldy diýip, volcanodiscovery.com neşiri 1-nji maýda habar berdi.
Ýer titremesiniň 40, 10 km aralygyndaky çuňlukda bolandygy aýdylýar.
Türkmenistanyň Balkan sebitinde bolýan ýer sarsgynlary barada yzygiderli habar çykýar.
Emma muňa garamazdan, türkmen metbugaty ýurduň çägindäki tebigy hadysalar barada ilata habar bermegi zerur hsaplamaýar.