Berdimuhamedowlar Şawkat Mirziýoýewiň 'üstünlikli' Konstitusiýa üýtgetmelerini gutlaýar
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetme we goşmaça girizmek boýunça geçirilen sala salşygyň netijeleri bilen gutlady.
Gutlag hatynda Özbegistanda geçirilen sala salyşlygyň aç-açanlyk ýagdaýynda hem-de demokratik ýörelgeler esasynda geçirilendigi öňe sürülýär, özbegistanlylaryň bu ses berişlige “işjeň gatnaşmagynyň halkyň jebisliginiň, ...Prezident Şawkat Mirziýoýewiň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy” nygtalýar.
Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 1-nji maýda Konstitusiýa girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň 90,2 göterim ses bilen tassyklanandygyny aýtdy.
30-njy aprelde geçirilen referendumda saýlawçylaryň garamagyna prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmagy öz içine alýan teklipler hödürlendi.
Sala salyşlyga çykarylan beýleki soraglar 65 ýaşly Mirziýoýewiň ýene iki möhlet prezident bolmagyna we häkimiýet başyndaky möhletini 2040-njy ýyla çenli uzaltmaga mümkinçilik berer.
Onuň häzirki prezidentlik möhleti 2026-njy ýylda tamamlanýar. Ses berişlikde düzgün bozmalaryň bolandygy habar berildi.
Gazeta.uz habar saýty adamlaryň rugsatsyz öz maşgala agzalarynyň ýa-da garyndaşlarynyň deregine ses bermeginiň birnäçe ýagdaýyny habar berdi, uniwersitetleriň birnäçesiniň studentleri bolsa, ses berendiklerini subut etmek üçin saýlaw uçastoklarynda düşen suratlaryny tabşyrmaly bolandyklaryny aýtdylar.