Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2023

Raşid Meredow rugsada çykdy, daşary işler ministriniň wezipesi wagtlaýyn Wepa Hajiýewe ynanyldy

0
Raşid Meredow rugsada çykdy, daşary işler ministriniň wezipesi wagtlaýyn Wepa Hajiýewe ynanyldy

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 1-nji maýda “garaşylmadyk ýagdaýda”, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesine görä, “nobatdaky zähmet rugsadyna” çykdy. Daşary işler ministriniň wezipe borçlary wagtlaýyn birinji orunbasar Wepa Hajiýewiň üstüne ýüklendi.

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi we hökümet agzalary, adatça, her ýylky esasy zähmet rugsadyna tomus aýlarynda, iýul-awgust aýlarynda çykýarlar. Galyberse-de, ýokary derejeli resmileriň wezipe borçlarynyň wagtlaýyn başga emeldara ynanylmagy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen köpçülige yglan edilmeýär. Döwlet metbugaty, adatça, hökümet azalarynyň öz ýyllyk dynç alyş günlerini ýurduň çäginde ýerleşýän şypahanalarda we dynç alyş merkezlerinde geçirip bilýändikleri barada hem habar berýär.

Ýöne türkmen syýasatynyň örän az sanly “uzyn ömürli” seýrek emeldarlarynyň biri bolan Raşid Meredow “nobatdaky zähmet rugsadyna” çykmak üçin tomus aýlaryna garaşmady. Üstesine, döwlet metbugaty Meredowyň wezipe borçlarynyň wagtlaýyn onuň orunbasaryna ynanylýandygy barada ýörite habar bermeli boldy.

Tas çärýek asyr töweregi wagt bäri döwlet häkimiýetiniň ýokary basgançaklarynda ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän baş diplomat şu aýyň ahyrynda, has takygy 29-njy maýda 63 ýaşyny, türkmen däp-dessurlarynda möhüm sepgit hasaplanýan “pygamber ýaşyny” doldurýar.

Meredowyň nobatdaky zähmet rugsadynyň möhleti aýdylmady. Adatça, Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümleri her ýyl bir aý möhlet bilen dynç alýar.

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri, şol sanda Daşary işler ministrligine ýakyn çeşmeler 2022-nji ýylyň martynda, entek Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine getirilmänkä, Türkmenistanyň daşary işler ministrini täzelemegiň ugruna çykylandygyny habar beripdiler.

“[...]Gaty güýçli şahsyýet hasaplanýan we Serdaryň kakasy [öňki] prezident [Gurbanguly] Berdimuhamedowdan has uzak wagtlap häkimiýetiň iň ýokary derejelerinde işleýän Meredowy daşary işler ministri ýaly möhüm wezipede saklamak abraý meselesini döredip biler” diýip, çeşmämiz şonda gürrüň berdi.

Raşid Meredow 1999-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary, şol ýylyň dekabrynda Mejlisiň başlygynyň orunbasary wezipelerine bellenildi. Ol 2001-nji ýylyň maýynda ilki Mejlisiň başlygy, soňra, iýun aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipelerine bellenildi. Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan hem has ir döwlet häkimiýetiniň ýokary basgançaklarynda dürli wezipeleri eýelän Meredow, bir döwür, hökümet agzalarynyň arasynda daşary ýurtda bilim alan ýeke-täk emeldar hökmünde tanaldy. Ol 1988-nji ýylda Moskwanyň M. W. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň Hukuk fakultetinden uçurym boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň martynda 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedowa prezident wezipesini geçirýän gabatlary, Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri Berdimuhamedowlaryň baryp, 2021-nji ýylyň güýz aýlaryndan bäri täze daşary işler ministriniň gözlegine çykandyklaryny habar berdiler.

Ýöne 2022-nji ýylyň 19-njy martynda kasam kabul edip, prezident wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedow, daşary işler ministrliginde meýilleşdirilýän kadr çalşygy bilen bagly habarlaryň Azatlyk Radiosynda çap edilmeginiň yz ýany, Raşid Meredowy täze düzen hökümetinde saklap galdy.

Munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri daşary işler ministrliginde meýilleşdirilýän kadr çalşygy bilen bagly habarlaryň hut Azatlyk Radiosynda aýan edilmegi zerarly, Meredowyň ýokary wezipede saklanyp galandygyny habar berdi.

Meredowyň “garaşylmadyk zähmet rugsady” türkmen resmileriniň 23-24-nji aprelde Birleşen Ştatlara sapar edip, Döwlet departamentinde türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyryny geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Raşid Meredow Birleşen Ştatlara amala aşyran saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.

Biraz öň, türkmen diplomaty fewralyň ahyrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa + ABŞ” ministrler duşuşygynyň çäklerinde amerikaly kärdeşi bilen duşuşyp, türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň mümkin boldugyndan, ýakyn wagtda geçirilmegine çagyrypdy.

“Sebäbi bize hakykatdan hem möhüm meseleler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da sebit meseleleri hakynda gepleşmek gerek” diýip, Meredow şonda Blinkene ýüzlendi.

Döwlet departamenti türkmen – amerikan duşuşyklary barada çap eden beýanatlarynda, gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda howanyň üýtgemegi, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk, adam hukuklary ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) türkmen wekiliýetiniň 23-24-nji aprelde Birleşen Ştatlara amala aşyran sapary barada 1-nji maýda giň göwrümli makala çap etdi.

“Waşingtonda geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk hem işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk teklipler işlenip taýýarlanyldy. 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” taýýarlamak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek we dürli derejedäki özara saparlary guramak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak ýaly ugurlar bar” diýip, TDH ýazýar.

Meredow Waşington saparynyň yz ýany näbelli möhlete çenli zähmet rugsadyna çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о комфортных автопутешествиях


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Queen

В день рождения White Queen собрала гостей на вечеринку в ARBAT 21




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве


Андрей Рублёв

«Титул, которым я горжусь больше всего»: Рублёв одолел Оже-Альяссима и выиграл второй турнир серии «Мастерс» в карьере



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


WTA

Саснович вышла в основную сетку турнира WTA-1000 в Риме



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России