Gyrgyz žurnalisti hüjümden soň, hassahananyň agyr bejergi bölümine ýerleşdirildi
Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäheriniň “Yntymak” (Raýdaşlyk) telewideniýe we radio kompaniýasynyň bir žurnalisti agyr ýenjildi we ýerli keselhananyň agyr bejergi bölümine ýerleşdirildi.
Talgat Talantbek-ulunyň dogan-garyndaşlary 5-nji maýda Azatlyk Radiosyna 23 ýaşly habarçynyň iki gün ozal bolan hüjümde aýagynyň döwlendigini we eliniň ýiti ýaralanandygyny gürrüň berdiler.
Oşuň polisiýasy Talantbek-Uuluwa hüjüm etmekde güman edilýän adamyň tutulandygyny aýtdy.
Ynsan hukuklaryny goraýjy ýerli we halkara guramalar soňky aýlarda Gyrgyzystanda garaşsyz media we žurnalistler üçin ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagyna alada bildirýärler.