Gazak aktiwisti kazyýetiň kararyny bozandygy üçin bäş gün möhlet bilen tussag edildi
Almaty kazyýeti gazak aktiwisti Alnur Ilýaşewiň köpçülikleýin ýygnanyşyklara gatnaşmagyny gadagan edýän kazyýet kararyny bozandygy üçin, ony bäş gün möhlet bilen azatlykdan mahrum etdi.
Kazyýet bu hökümi Ilýaşewiň hasaba alynmadyk bir toparyň ýygnanyşygyna gatnaşmagyndan üç gün soň, 4-nji maýda çykardy.
Ilýaşowa 2020-nji ýylyň iýunynda ýalan maglumatlary ýaýratmakda günä bildirilip, üç ýylyň dowamynda köpçülik çärelerine gatnaşmak gadagan edildi. Ol bu karary syýasy matlaply diýip, ret etdi.