Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2023

Balkanda soňky jaň dabaralaryndan öň, bir mekdep okuwçysy özüni heläkledi

0
Balkanda soňky jaň dabaralaryndan öň, bir mekdep okuwçysy özüni heläkledi

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde maý aýynyň 25-nde geçirilýän soňky jaň dabaralaryndan öň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bir mekdep okuwçysy öz janyna kast etdi. Muňa okuwçynyň dabaralara görülýän taýýarlyklara pul tapmazlygynyň sebäp bolandygy aýdylýar.

"Şäheriň 18-nji mekdebiniň 11-njy synp okuwçysy geçen hepdäniň şenbe güni, ýagny 6-njy maýda gije sagat 3 töwereginde öz öýünde asylan ýagdaýda tapyldy. Merhumy tanaýanlaryň aýtmagyna görä, ol synpdaşlarynyň taýýarlyklar üçin pul sorap eden basyşlaryna çydamandyr" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Azatlykda okuwçynyň şahsyýetini anyklaşdyrýan maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Habarçy merhumy tanaýan käbir adamlara salgylanyp, betbagtçylykly wakadan öň onuň ene-atasyndan mekdebi tamamlamak mynasybetli geçiriljek dabaralar we beýleki çykdajylar üçin 10 müň manat sorandygyny aýdýar.

"Okuwçynyň ene-atasy özlerinde munça puluň ýokdugyny, aýlyklaryny bäş aý el degirmän ýygnasalar-da, 10 müň manady üýşürip bilmejekdiklerini aýdypdyr" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk bu waka barada şäheriň Polisiýa müdirligi we agzalýan mekdep bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky 10 günüň dowamynda şäherde soňky jaň dabaralaryna pul tapman başga-da birnäçe okuwçynyň öz janyna kast edendigi barada tassyklanmadyk maglumatlar bar. Ýöne redaksiýa bu maglumatlary goşmaça çeşmelere tassykladyp, olaryň jikme-jiklerini anyklaşdyryp bilmändigi sebäpli, olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Türkmenistanda orta mekdepleri tamamlaýan okuwçylardan soňky jaň dabaralary, şol sanda bezegler, okuwçylaryň geýmeli egin-eşikleri we mugallymlara, mekdep ýolbaşçylaryna satyn alynmaly sowgatlar üçin müňlerçe manat möçberinde pul ýygnalýar.

Türkmenbaşydaky habarçymyz soňky ýyllarda mugallymlara alynýan sowgatlaryň bahasynyň müňlerçe manada ýetýändigini aýdýar.

"Mekdep müdirlerine we mugallymlara 'iPhone 14' mobil telefonlary, azyndan 15 müň manada barabar bolan gol sagady, penjek we balak ýaly gymmatbaha sowgatlar satyn almak däbe öwrüldi. Bularyň ählisi üçin okuwçylardan pul ýygnalýar" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda iň pes aýlyk haky 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 1160 manat möçberinde bellenildi. Maglumat üçin aýdylsa, ýurtda mekdep mugallymlarynyň zähmet haklary 2000-4000 manat, edara-kärhanalaryň garawullarynyň aýlyklary 1300-1800 manat aralygynda üýtgeýär.

Soňky ýyllarda ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň arasynda, bu çykdajylar ozalam güzeran eklenji ýeňil bolmadyk maşgalalary barha kyn ýagdaýa salýar, köp ene-ata çagalaryna bu puly berip bilmeýär. Azatlyk soňky ýyllarda bu ýagdaýlar sebäpli okuwçylaryň öz janyna kast edýändigi barada ençeme gezek maglumat taýýarlady.

Şu aýyň başynda Lebap welaýatyndaky habarçymyz bir ýaş oglanyň özüni ýük otlusynyň öňüne oklap, öz janyna kast edendigini habar berdi. Azatlyga onuň ölüminiň sebäplerini anyklamak başartmasa-da, waka şaýat bolanlaryň ençemesi 18 ýaş töweregindäki oglanyň demir ýoluň ugrunda köp wagtlap durandygyny, özüni, hamana, birine garaşýan ýaly alyp barandygyny we otly geliberende, özüni otlynyň aşagyna oklandygyny aýtdy.

Geçen ýyllarda soňky jaň dabaralary üçin pul tapmaýan okuwçylaryň, deň-duşlarynyň ýanynda utanja galmazlyk üçin, her dürli jenaýatlara, şol sanda ogurlyga baş goşýandygy barada hem maglumatlar gelip gowşupdy.

Türkmenistanyň mekdeplerinde çagalary okaýan ene-atalar diňe soňky jaň dabaralarynyň öňünden däl, bütin ýylyň dowamynda hem dürli maksatlar, şol sanda synplary abatlamak we prezidentiň portretlerini çalyşmak ýaly çäreler üçin hem pul bermäge mejbur bolýarlar.

Ýurduň Bilim ministrligi mekdeplerdäki pul ýygnamak çäreleri, şol sanda soňky jaň dabaralarynyň çykdajylary, bu ýagdaýlar sebäpli öz janyna kast edýän okuwçylar barada aç-açan mesele gozgamaýar. Bu barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem habar berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи





Москва

Кабинет Артиста – подключение и настройка на различных музыкальных стримингах.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Ольга Бузова

Дава разоткровенничался перед Ольгой Бузовой в шоу “Сокровища императора” на ТНТ




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В рамках празднования Дня Победы в Москве пройдет ежегодный турнир среди студенческих футбольных команд «Вызов»

Футбольный турнир «Вызов» для студентов станет частью праздничных мероприятий ко Дню Победы

Федерация бокса России почтила память героев в День Победы в Чехове


WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Стефанос Циципас

Греческий теннисист Стефанос Циципас поблагодарил мать за советское воспитание



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России