Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2023

Maryda günebakar ýagy we şeker ýene gymmatlady

0
Maryda günebakar ýagy we şeker ýene gymmatlady

Mary welaýatynyň bazarlarynda we söwda dükanlarynda günebakar ýagynyň we şekeriň bahasy ýene gymmatlady. Azyk önümleriniň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagy ilat köpçüligini aladalandyrýan esasy meseleleriň biri bolup durýan mahaly, sebitde käbir önümleriň bahalary durnuklylygyny saklaýar.

"Soňky bir aýyň dowamynda Maryda käbir azyk önümleriniň bahalary yzygiderli üýtgäp durýar. Şu günler günebakar ýagynyň we şekeriň bahasy ýokarlanýar. Geçen aýyň ahyrynda 1 litri 20 manada, käbir günlerde ondan hem aşaklan günebakar ýagy häzir 25 manada gymmatlady. Şekeriň bir kilogramy bolsa, 15 manatdan 18 manada ýokarlandy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 11-nji maýda aýtdy.

Habarçy geçen aýda ýurduň käbir sebitlerinde, şol sanda Maryda günebakar ýagynyň arzan bahadan satylandygyny ýatladyp, bu arzançylygyň sebäpleri barada hem maglumat berdi.

"Geçen aýda ýagy gutulap alanlar hem bar. Olaryň köpüsi ýagyň ulanyş möhletine seretmediler. Olar ýagyň arzandygy bilen gyzyklandylar. Ýöne soňra olar bu arzançylygyň ýagyň ulanyş möhletiniň tamamlanmagyna bir aýdan hem az wagtyň galandygy bilen baglanyşyklydygyny bilip galdylar" diýip, habarçy belledi.

Azyk söwdagärleri soňky gymmatlamanyň sebäbini täze öndürilen günebakar ýagynyň gelip gowuşmagy bilen düşündirýärler. Olar şekeriň gymmatlamagynyň sebäplerini bolsa, miweleriň ýetişmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

"Miweleriň ýetişmegi bilen, olary şeker bilen gaýnadyp, mürepbe edýänler köpelýär. Bu bolsa, şekere bolan talabyň ýokarlanmagyna getirýär. Şekeriň bahasynyň ýene ýokarlanmagy ähtimal" diýip, ýerli söwdagär anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, habarçy käbir azyk önümleriniň bahalarynyň durnukly bolmagynda galýandygyny hem aýdyp, olaryň käbiriniň 11-nji maýda bazarlardaky bahalary barada hem maglumat berdi.

"Soganyň bir kilogramy 6 manat, kartoşka 8 manat, pomidor 12 manat, hyýar 6 manat, birinji sort un 10 manat bahalanýar. Tüwüni bahasy hem durnukly bolup, iň arzan tüwiniň bir kilogramy 15 manatdan, iň gymmady 50 manatdan satylýar" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, soňky ýyllarda azyk önümleriniň bahalarynyň her aýda diýen ýaly ýokarlanmagy ilat köpçüligini aladalandyrýan esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Gymmatlamalaryň arasynda, Türkmenistanda ilata döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli azyk paýlary hem wagtynda paýlanmaýar. Azyk paýlaryna garaşly maşgalalar, habarçylarymyzyň sözlerine görä, göz-görtele köpelýän mahaly, häkimiýetler bularyň ýatyrylmagy boýunça teklipler bilen hem çykyş etdiler. Bu ýagdaýlar, ýakynda käbir sebitleriň ýaşaýjylarynyň häkimiýetlere aç-açan nägilelik bildirmegine getirdi.

28-nji aprelde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda 100-e golaý ýaşaýjy jemlenip, mart we aprel aýlarynyň hasabyna berilmedik azyk paýlarynyň satuwa çykarylmagyny talap etdi. Aprelde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ilat arz-şikaýat edip, gymmat çöregiň bahasyny arzanlatdy.

Türkmen hökümeti indi alty ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklary, azyk krizisini boýun alman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин принял участие в параде Победы на Красной площади





Москва

Снять Художественный фильм.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Полина Гагарина

Полина Гагарина — про уход на пенсию и особые способности Сергея Лазарева




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В рамках празднования Дня Победы в Москве пройдет ежегодный турнир среди студенческих футбольных команд «Вызов»

Футбольный турнир «Вызов» для студентов станет частью праздничных мероприятий ко Дню Победы

Федерация бокса России почтила память героев в День Победы в Чехове


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Андрей Рублёв

В России назвали подвигом победу Рублева на "Мастерсе" из-за болезни



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России