Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2023

Lebapda biometriki pasport üçin sentýabra nobat berilýär. Aşgabadyň aeroportunda käbir ýolagçylar uçara goýberilmeýär

0
Lebapda biometriki pasport üçin sentýabra nobat berilýär. Aşgabadyň aeroportunda käbir ýolagçylar uçara goýberilmeýär

Türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň ýurtdan çykmagyny barha kynlaşdyrýan ýaly bolup görünýär. Ýurtda raýatlaryň biometriki pasport almak bilen bagly kynçylyklary saklanýarka, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy bu proses bilen bagly goşmaça maglumatlary berdi. Häzirki wagtda Döwlet Migrasiýa gullugynyň sebitdäki edarasy biometriki pasport almak isleýän raýatlara sentýabr aýyna nobat berýär. Bu aralykda, Aşgabadyň aeroportunda koronawirus resminamalary bolmadyk käbir ýolagçylar uçara goýberilmeýär ýa-da olardan uly mukdarda para talap edilýär.

"13-nji maýda Lebabyň Migrasiýa bölümi gysgaldylan iş tertibinde, ýagny günortan sagat 12-ä çenli işledi. Şondan soň resminama kabul edilmedi we talon hem paýlanmady. Şol güni nobata duran raýatlara 5-nji sentýabra talon berildi. Biometriki pasport almak isleýän raýatlar şol talonda bellenilen günde we sagatda resminamalaryny tabşyryp bilýärler. 15-nji maýda irden sagat 9-da 6-njy sentýabra talon berlip başlandy" diýip, habarçymyz resminamalaryny tabşyran raýatlaryň pasportlaryny eline almak üçin ýene bir aýa çenli garaşmaly bolýandygyny hem aýtdy.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda raýatlar biometriki pasporty Gyrgyzystanda bir günde, Özbegistanda 10 günde we Gazagystanda 15 günde alyp bilýärler.

Lebabyň migrasiýa resmileri raýatlara dört aý soňa nobat berilmeginiň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Ýöne habarçymyz bu wakanyň sebitde biometriki pasport almak isleýän raýatlaryň sanynyň göz-görtele köpelen mahalyna gabat gelýändigini aýdýar.

"Hususan-da, Russiýa iş gözleginde gidýänleriň sany artýar" diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtda, ol biometriki pasporty nobatsyz, bir ýarym aý çemesi wagtyň dowamynda hem alyp bolýandygyny aýdýar. Ýöne munuň üçin raýat para berip, azyndan 500 dollary sarp etmeli bolýar.

"Parany migrasiýa gullugynyň işgärleriniň ýörite adamlary, ýagny araçylary alýar. Olara 500-700 dollar aralygynda para berseň, biometriki pasporty 15 günde taýýarlap berjekdiklerini aýdýarlar. Ýöne olar resminamalary bir günde kabul etseler-de, biometriki pasporty 15 günde däl-de, 40 gün diýende taýýarlap berýärler" diýip, habarçy belledi.

Bu aralykda, bu usuldan peýdalanýanlaryň aglabasy Türkiýede pasportlarynyň möhleti tamamlanandan soň, onuň möhletini uzaltmak üçin Türkmenistana gelen raýatlardyr.

"Olar tiz wagtda biometriki pasportlaryny çalşyp, ýene yzyna dolanjak bolýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Bellesek, Türkmenistan 2013-nji ýyldan başlap ýurtdan çykmak we ýurda gelmek üçin türkmen raýatlaryna zerur bolan ýeke-täk resminamana hökmünde kabul edilen biometriki pasporty diňe ýurduň içinde berýär. Köp ýurtdan tapawutlylykda, daşary ýurtlardaky türkmen diplomatik wekilhanalarynda pasport bermek göz öňünde tutulmaýar. Şu sebäpden pasportynyň möhleti gutaran türkmen raýatlary bolýan ýurdundan Türkmenistana barmaga mejbur bolýarlar.

Bu aralykda, paýtagtdaky habarçymyz Aşgabadyň aeroportunda türkmenistanlylardan koronawirus resminamalarynyň gaýtadan talap edilip başlanandygyny habar berýär. Bu resminamalary bolmadyk ýolagçylaryň köpüsi uçara goýberilmeýär.

"Koronawirus testi we wirusa garşy sanjymyň edilendigi barada halkara sertifikat hakda gürrüň gidýär. Bu resminamalaryň talap edilmegi ýatyrylan ýalydy, ýöne aeroportdaky resmiler bu resminamalary çen gelen ýolagçydan sorap başlapdyrlar. Olar bu resminamalary bolmadyk ýolagçylary uçara goýbermeýärler ýa-da olardan uly möçberde para alýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ýurtdan gidýän raýatlarda nähili resminamalaryň bolmalydygy barada hiç bir ýerde anyk maglumat ýok. Döwlet edaralary raýatlara dürli maglumatlary berýärler.

Aşgabadyň migrasiýa edarasynyň resmileri bu resminamalary talap etmek boýunça özlerinde ygtyýarlyklaryň ýokdugyny aýdýarlar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bu resminamalary taýýarlamagyň zerur däldigini belleýärler. Şol bir wagtda, paýtagtyň Sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasynyň işgärleri bu resminamalaryň ýatyrylandygy barada ýazmaça görkezmäniň ýokdugyny aýdýarlar.

"Anyk bir düzgün bolmansoň, aeroportuň sorag-jogap gullugyna jaň edip soranyňyzda, size bir operator bu talap 'bar' diýip jogap berse, başga biri 'ýok' diýip jogap berip biler. Şeýle-de, Moskwa we Kazana gidýän ýolagçylardan bu resminamalaryň soralmaýandygy, ýöne Türkiýä we Dubaýa gidýänlerden soralýandygy barada hem gürrüňler bar. Şeýle 'bilkastlaýyn bulaşyklyklar' adamlaryň ýurtdan gitmegini kynlaşdyrýar we häkimiýet wekilleriniň girdeji gazanmagyna esas döredýär. Sebäbi adamlar soňky pursatda uçardan galmajak bolup, iki tarapa ylgaýarlar ýa-da parany bermäge mejbur bolýarlar" diýip, habarçy belledi.

Galyberse-de, koronawirus resminamalaryny almak işi hem kynlaşdy. Munuň üçin raýat ilki özüne degişli saglyk öýünden sanjym edilendigi barada täze kepilnama almaly, soňra-da şahadatnamanyň taýýar bolmagyna garaşmaly.

"Soňra şahadatnama saglyk öýüniň baş lukmany we wirolog-immunology gol goýmaly. Bularyň ählisini uçara münmeziňden bir gün öň etmeli. Şeýle-de, koronawirus testini hem etdirip ýetişmeli. Üstesine-de, indi bu testiň möhleti öňküsi ýaly 72 sagat däl-de, diňe 48 sagat" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Döwlet Migrasiýa gullugyndan we paýtagtyň aeroportundan kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň ýurtdan çykmagyny barha kynlaşdyrýan ýaly bolup görünýär. Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri raýatlar biometriki pasport almakda kynçylyk çekýärler. Ýurduň käbir sebitlerinde biometriki pasportlar üçin nobatlar ençeme aý soňa berilýär, käbirinde bolsa, pasport bermek işi wagtlaýynça togtadylýar. Aprel aýynda bolsa, Balkanyň häkimiýetleri biometriki pasport almak isleýän raýatlardan ýakynlarynyň suda çekilmändigini subut etmek hakyndaky "üç-arka" resminamasyny talap edip başladylar. Bu resminamany tabşyrmadyk raýatlaryň pasport üçin arzalary kabul edilmeýär.

Habarçylarymyz häkimiýetleriň bu talaplarynyň we çäklendirmeleriniň, ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň, giň ýaýran işsizligiň we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň pese gaçmagynyň arasynda, gazanç gözleginde daşary döwletlere gitmek isleýän raýatlaryň göz-görtele köpelen mahaly güýçlenendigini aýdýarlar. Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlary aç-açan boýun alyp, olaryň sebäplerini düşündirmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин





Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Волочкова спасала платье и чуть не утонула на Мальдивах




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

HRlink подключил в платформе кадрового ЭДО 4,5 тыс. сотрудников сети аптек «Максавит»



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России