Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2023

Aşgabatda ýene tozan turdy, Maryda gaýtalanýan çägeli tozan ilatyň jan saglygyna ýaramaz täsir edýär

0
Aşgabatda ýene tozan turdy, Maryda gaýtalanýan çägeli tozan ilatyň jan saglygyna ýaramaz täsir edýär

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri 14-nji maýda öýlän turan güýçli ýeliň yz ýany, ýene tozan astynda galdy. Mary welaýatynda soňky döwürlerde yzygiderli gaýtalanýan çägeli tozan ýerli ilatyň jan saglygyna ýaramaz täsir edýär.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde bolup geçýän adatdan daşary howa hadysalary soňky ýyllarda adaty ýagdaýa öwrülip barýar.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri geçen hepde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde 14-15-nji maý günleri güýçli ýel turmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Neşir hepdäniň ahyrynda Ahal welaýatynda tizligi sekuntda 15-20 metre, Mary we Lebap welaýatlarynda tizligi sekuntda 13-18 metre we Daşoguz welaýatynda tizligi sekuntda 12-17 metre çenli ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy ýekşenbe güni turan güýçli ýeliň yz ýany, türkmen paýtagtyny tozanly howanyň gurşap alandygyny habar berdi.

TikTok sosial ulgamynda paýlaşylan wideolarda Aşgabadyň etegindäki gara ýollaryň birinde tozanly howada hereket edýän awtoulaglar görkezilýär. Awtomobiliň içinde düşürilen wideolarda ulagyň sähel öňünde hereket edýän tozan bulutlaryny görmek bolýar. Şeýle-de, wideolardan çen tutulsa, tozanly howada gözüň görýän, ýetýän aralygy, çen bilen, 30-40 metrden aňry geçmeýär. Wideo düşürilen ulagdaky sürüji sähel öňde barýan diňe iki awtoulagy görüp bilýär.

Azatlygyň habarçysynyň Aşgabatda bir belentlikde düşürip iberen suratynda şähere inen äpet tozan bulutlaryndan ýaňa, göz ýetimdäki köp gatly binalaryň diňe ‘garasy’ görünýär.  

“Güýçli şemal bolsa, şäheriň üstüni tozan bulutlary gaplap alýar” diýip, bir aşgabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Parahat 7 etrabynyň käbir ýaşaýjylary etrapda salnan täze köp gatly jaýlaryň äpişgeleriniň we gapylarynyň ykjam oturdylmandygy sebäpli, güýçli ýel tursa, emele gelen tozanyň göni öýleriň içine girýändigini aýdýarlar.

“Şu wagt öýdäkileriň ählisi düýn öýe giren tozany aýyrjak bolup, giň gerimli arassaçylyk işlerini alyp barýarlar” diýip, bir paýtagtly ýaşaýjy aýdýar.

15-nji maýda Mary sebitinde hem güýçli şemal öwüsdi. Günorta-gündogar welaýatda yzygiderli häsiýete eýe bolup barýan howa hadysasy sebit ýaşaýjylarynyň jan saglygyna täsir edýär.

“Ýene çägeli tozan turdy, güýçli şemal öwüsdi. Şeýle howanyň soňky döwürlerde yzygiderli gaýtalanmagy endige öwrülip barýar. Tas her 10 günden diýen ýaly çägeli şemal öwüsýär, adamlaryň jan saglygyna zyýan ýetirýär. Soňky döwürlerde uly ýaşly adamlardan başlap, kiçi ýaşly çagalara çenli, kelle agyrysy, özüňi agyr duýmak ýaly saglyk ýagdaýlaryndan şikaýat edýän adamlar köpelýär. Soňky wagtlarda demgysma-da köpelýär” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, soňky sapar 2-3-nji maýda Mary welaýatynda güýçli ýel we çägeli tozan hasaba alyndy. Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçylary şäher ýerlerinde güýçli tozan zerarly, köçelerde maska geýen adamlaryň sanynyň köpelendigini habar berdi.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly tutuş dünýäde dowam edýän aladalaryň arasynda, Türkmenistanyň hökümeti soňky wagtlarda ýurduň çäginde ýygy-ýygydan hasaba alynýan adatdan daşary howa hadysalary barada teswir bermeýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitleri gurakçylykdan, adatdan daşary yssy ýa-da aşa sowuk howadan we güýçli tozanly ýellerden, galyberse-de wagtal-wagtal Türkmenistan üçin adaty bolmadyk harasatlardan we anomal ýagyş-ýagmyrdan ejir çekýär.

Şol bir wagtda, türkmen hünärmenleri ýurduň çäginde emele gelen adaty bolmadyk howa şertleriniň ýurtda daşky gurşawa bolan çemeleşmeler bilen ilteşiklidigini ýa-da däldigini, ýa-da bu ýagdaýyň ýurduň ýangyç önümçilik desgalarynda tassyk bolan zyýanly zyňyndylar bilen ilteşikli bolmak ähtimallygyny ne tassyklaýar ne-de inkär edýär.

Mundan ozal, Aşgabatda soňky sapar 25-nji aprelde güýçli ýel turup, tozanly howa boldy. Has ozal, 16-njy aprelde türkmen paýtagtynda güýçli ýel turdy, tozanly howa boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин поздравил ветеранов и всех жителей Москвы с Днем Победы





Москва

Победительницу "Диктанта Победы" из Томской области наградили в Москве


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Блондинчик: жена бывшего Волочковой стала мамой во второй раз




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации


WTA

WTA огорчила Елену Рыбакину после турнира в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Почти 200 тыс. рабочих мест появятся благодаря программе КРТ в столице



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России