Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2023

Aşgabatda bolan ýol hadysasynda ýedi adam öldi

0

Aşgabatda adam pidalaryna getiren ýol hadysalarynyň ýene biri boldy. 14-nji maýdan 15-ne geçilen gije paýtagtyň 10 ýyl abadançylyk köçesinde bolan ýol hadysasynda ýedi adam heläk boldy.

"Betbagtçylyk iki awtoulagyň aşa ýokary tizlikde ýaryşyp barýarka biri-birine degip ýoldan çykmagy netijesinde ýüze çykdy. 'Toyota Camry' we 'Mercedes' kysymly ulaglar 100 metre golaý aralyga çenli togalanypdyrlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy waka şaýat bolanlara salgylanyp, 17-nji maýda aýtdy.

Heläkçiligiň bolan wagtynda ulaglaryň birinde üç, beýlekisinde dört sany oglan bardy. Olaryň üçüsi paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda okaýardy. Ýol hadysasynyň netijesinde ulaglardaky oglanlaryň ýedisi-de wakanyň bolan ýerinde aradan çykdy.

"Ýokary tizlikdäki ulaglaryň batly urgulary zerarly, oglanlar gaty weýran bolup ölüpdirler. Olaryň käbirini tanar ýaly bollmandyr. Ulaglaryň ýagdaýy hem gaty erbet bolup, olar göni zyňaýmaly ýagdaýdady" diýip, waka şaýat bolan bir aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.

Ýol hadysasynyň netijesinde köçäniň ugrundaky elektrik diňleriniň birnäçesi ýykyldy. Polisiýanyň derňew işlerinden soň, Parahat etrapçasynda ýerleşýän 8-nji Jaý dolandyryş edarasynyň işgärleri wakanyň bolan ýerini ýörite himiki serişdeler bilen ýuwdular.

"Işgärler ýagyň yzyna aýyrmak üçin köçäni köpükläp çykdylar. 15-nji maýda irden köçäniň belli bir bölegi ýapyldy" diýip, Jaý dolandyryş edarasynyň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň Polisiýa müdirligi bilen habarlaşyp, telefon arkaly kommentariýa almak synanyşyklary oňyn netije tapmady.

Bellesek bu, Aşgabatda ýaşlar tarapyndan aşa ýokary tizlikde dolandyrylýan ulagyň ýol hadysasyna uçramagy bilen bagly soňky bir aýdan hem az wagtyň dowamynda bolan ikinji wakadyr. ​

27-nji aprel gijesi şäheriň 30-njy etrapçasyndaky Gurban Durdy köçesiniň ugrunda bolan ýol hadysasynda aşa ýokary tizlikde dolandyrylan awtoulag ilki ýol böwedine, soňra-da golaýdaky zibil daşaýan ulaga kürsäp urdy. Şol wakada awtoulagyň içiniň ýaşlardan doludygy aýdylyp, onuň sürüjisiniň keselhana eltilenden soňra aradan çykandygy habar berildi.

Paýtagtdaky habarçylarymyz şäheriň köp etrapçasynda, hususan-da şaýollarynda ýaşlaryň aýdym-sazyň sesini batly açyp, ulagy aşa ýokary tizlikde dolandyrmagy we özaralarynda ýaryşmagy bilen bagly ýagdaýlara häli-şindi duş gelse bolýandygyny aýdýarlar. Käte bu ýagdaýlar adam pidalaryna getirýän ýol heläkçiliklerine sebäp bolýar.

"Şäheriň tas ähli ýerinde, şol sanda köçelerinde ýerleşdirilen gözegçilik kameralary hem ýaşlaryň bu howply hereketleriniň öňüni alyp bilmeýär" diýip, paýtagtdaky beýleki bir habarçymyz şu aýyň başynda aýdypdy.

Türkmen häkimiýetleri we köpçülikleýin habar serişdeleri ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri ýa-da tebigy hadysalar barada maglumat bermekden onlarça ýyl bäri saklanyp gelýärler. Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler adam pidalaryna getirýän köçe-ýol betbagtçylyklary barada ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Azatlygyň habarçylary şu aýyň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerine bolan ýol we otly hadysalarynda azyndan dört adamyň ölendigi barada habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин поздравил ветеранов и всех жителей Москвы с Днем Победы





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о комфортных автопутешествиях


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Певица

Певица Кристина Орбакайте показала фото с мужем из путешествия по Италии




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета


Анастасия Павлюченкова

Павлюченкова официально аккредитовала на турнир в Риме двух своих собак



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России