Gürjüstanda Lawrowyň garyndaşynyň toýy protestlerden soň ýatyryldy
Gürjüstanda aktiwistler Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň garyndaşynyň toýuna garşy protest guradylar. Gürjüstanyň prezidenti Salome Zurabişwili şenbe güni öýlän Lawrowyň giýewsiniň, habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Kahetidäki Kwareli köl kurortynda geçiriljekdi aýdylan toýunyň bolmajagyny we bu toýa baran myhmanlaryň eýýäm ýurtdan gidendigini aýtdy. Olaryň onlarça adamdygy habar berlipdi.
Lawrowyň gyzy Ýekaterina Winokurowanyň beýleki myhmanlaryň hatarynda toýa barandygy bir gün öň oppozision "Mwatari" telekanaly tarapyndan habar berilipdi. Şeýle hem, telekanal Tbiliside toý dabarasyny görkezýän wideony çap etdi. Onda öýlenýän adamyň Winokurowanyň adamsy we Lawrowyň giýewsi Aleksandr Winokurowyň doganydygy aýdylýar. Toý şenbe güni Kwareli köl kurortynda bolmalydy, ýöne Gürjüstanyň häkimiýetleriniň habar berşi ýaly ol ýatyryldy. Gürjüstanyň prezidenti muny "jemgyýetiň ýeňşi" diýip atlandyrdy.
Zurabişwiliniň sözlerine görä, Gürjüstanyň Içeri işler ministri Wahtang Gomelauri toýuň ýatyrylmagy barada oňa habar beripdir.
Şol bir wagtyň özünde, myhmanhana Lawrowyň gyzynyň ol ýerde galmandygyny öňe sürdi: "Lawrow familiýaly myhmany hasaba almadyk we ýazgy etmedik".
Şol bir wagtyň özünde rus ministriniň gyzy Winokurowyň familiýasyny göterýär.
Zurabişwili hökümeti günbatar ýurtlarynyň sanksiýa sanawyna girizilen rus raýatlary babatynda dessine sanksiýalary girizmäge çagyrdy. Lawrowyň gyzy hem şol sanawlara girýär.
Lawrowyň garyndaşlarynyň Gürjüstana barmagy bu ýurt bilen Russiýanyň arasynda howa gatnawynyň täzeden başlamagyna gabat geldi. Bir gün öň Tbiliside muňa garşy protest geçirildi. Prezident Zurabişwili, Russiýa uçuşlaryny dowam etdirýärkä “Georgian Airways” -iň hyzmatlaryndan peýdalanmajakdygyny aýtdy.