Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2023

Polisiýa gaýnadylan mekgejöweniň köçe söwdasyny nyşana alýar

0
Polisiýa gaýnadylan mekgejöweniň köçe söwdasyny nyşana alýar

Mary şäheriniň Gorkut ata köçesiniň ugrunda gaýnadylan mekgejöwen satýan birnäçe köçe söwdagäri ýaňy-ýakynda polisiýa işgärleri tarapyndan nyşana alyndy. Mekge söwdasynyň töwereginde turan galmagal polisiýa bölüminde tamamlandy, häkimiýetler söwdagärleriň harytlaryny ellerinden aldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji maýda sebitden habar berdi.

Marynyň şäher polisiýasy “Bagtyýarlyk” we “Läle” bazarlarynyň golaýynda güzeran aýlamak üçin mekgejöwen gaýnadyp satýan aýallaryň köçe söwdasyny dargatdy.

“Polisiýa daýzalaryň gaýnadylan mekgelerini ellerinden aldy. Olar bermejek boldy, ýöne bolmady” diýip, wakanyň şaýatlary aýdýar.

Marynyň polisiýasy gaýnadylan onlarça mekgejöweni ele geçirip, polisiýa bölümine alyp gidipdir. Köçe söwdagärleri öz harytlaryny polisiýadan yzyna gaýtaryp almak üçin şäher polisiýa merkezine gatnamaga mejbur galandyklaryny aýdýarlar.

Käbir söwdagär zenanlar polisiýa işgärleriniň öz gaýnadylan mekgejöwenlerini iýmeginden howatyr edýärler.

“Bular [polisiýa işgärleri] köçe söwdagärleriniň satýan azyk harytlaryny ellerinden alyp iýýärler. 30 mekgejöwen gaýnatdym, häzir barsam, 10 sanysyny yzyna gaýtaryp bererler” diýip, satlyk harytlaryny heniz polisiýa merkezinden yzyna alyp bilmedik bir zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli sebitlerinde köçe söwdagärlerine garşy wagtal-wagtal reýd geçirýärler. Bu söwda häkimiýetler üçin köplenç amatsyz hasaplanýar, sebäbi, köçe söwdasy, megerem, häkimiýetler üçin, ilkinji nobatda köçäniň gelşigini gaçyrýar, halkyň "bagtyýar durmuşynyň" keşbine zyýan ýetirýär, üstesine, köçe söwdagärleri döwlete salgyt tölemeýär, olaryň köçelerde ilata hödürleýän harytlary döwletiň arassaçylyk barlagyndan geçirilmeýär. Şol bir wagtda, ýurtda soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bir topar täze bazar gurlup, ulanylmaga berildi ýa-da öňki bazarlaryň durky täzelendi.

Ýöne köçe söwdagärleri bazarlardaky söwda tekjeleriniň kireý töleglerini köplenç gymmat hasaplaýar, ýa-da bazar resmileri olara söwda orunlarynyň satylyp gutarandygyny aýdýar.

“Biz hem bazarlarda, il deňinde petek töläp, gaýnadylan mekgejöwenlerimizi satmakçy bolduk. Emma bize rugsat bermediler, ýer ýok diýdiler. Onsoň biz gijesi bilen ýatman gaýnadan mekgejöwenimizi köp gatly jaýlaryň golaýynda oturyp, satmakdan başga alajamyz galmady. Emma, ine görşüňiz ýaly, biziň harytlarymyzy elimizden aldylar” diýip, bir söwdagär zenan aýdýar.

Beýleki bir zenanyň sözlerine görä, polisiýa işgärleriniň köçe söwdagärlerinden alan azyk harytlarynyň ählisini alşy ýaly yzyna gaýtaryp bermeýän halatlary hem bolýar.

“Öň bir gezek şeýdip, harytlarymyzy aldylar. Biraz soň, biz harytlarymyzy yzyna gaýtaryp almak üçin, polisiýa merkezine barsak, üstünden alyp iýipdirler” diýip, söwdagär zenan aýtdy.

“Plastik gabymyzy yzyna gaýtaryp berseler, razy!” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary apreliň ortalarynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde köçe söwdagärlerine garşy geçirilen reýdler barada habar beripdirler. Has ozal, fewral we dekabr aýlarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde polisiýa işgärleri köçe söwdagärlerine garşy gözegçilik çärelerini güýçlendirdi.

Türkmenistanda onlarça ýyl bäri köçe söwdasy bölek-büçek dowam etdirilýär. Köçe söwdagärleri wagtal-wagtal polisiýa işgärleriniň reýdlerine sezewar bolýar. Türkmenistanda resmi däl ykdysadyýetiň bir parçasy bolan köçe söwdagärliginiň gerimini açyp görkezýän sanlar ýok, bu babatda barlag işleriniň geçirilip-geçirilmeýändigi nämälim galýar. Umuman, Türkmenistanda ne resmi ykdysadyýetiň, ne-de resmi däl ykdysadyýetiň hakyky ýagdaýy barada halka we halkara maliýe guramalaryna ygtybarly hasabat berilýär.

Gaýnadylan mekgejöwenlerini ellerinden aldyran köçe söwdagärleri häkimiýetlerden özlerine söwda tekjeleriniň resmi ýagdaýda berilmegini soraýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы





Москва

Владимир Брилёв: «Концерт, посвященный Великой Победе, стал доброй традицией для творческого объединения «Хрустальное соZVездие».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Полина Гагарина

Полина Гагарина — про уход на пенсию и особые способности Сергея Лазарева




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


ATP

Рублёв поднимется на шестое место в рейтинге ATP после победы на «Мастерсе» в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru