Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2023

Ýyladyşhana eýeleri, gaz hünärmenleri mümkin dildüwşük hadysalary boýunça derňelýär

0
Ýyladyşhana eýeleri, gaz hünärmenleri mümkin dildüwşük hadysalary boýunça derňelýär

Marynyň Baýramaly etrabynyň geňeşliklerinde prokuratura hususy hojalyklaryň ýyladyşhanalarynda gaz ölçeýji abzallaryň oturdylyp-oturdylmandygyny barlaýar, şeýle-de geçen ýyllarda edilen tölegleri içginden seljerýär. Bu sebitiň käbir gaz işgärleriniň ýyladyşhana eýeleri bilen dildüwşüge girip, mümkin bidüzgünçiliklere ýol açandygy bilen bagly geçirilýän derňewleriň çäginde amal edilýär.

“Sebitiň hususy hojalyklary, goşmaça töleglerden gaçyp, ýyladyşhanalaryna gaz ölçeýjilerini oturtman gelýärdiler. Olar töleg sorap gelen gaz işgärleri bilen özara ylalaşyp, hamala, howlusynda ýyladyşhana ýok hökmünde hasaba aldyrýardylar. Ýa-da hasap kitabynda asyl ýakylan gazyň mukdaryny has az göwrümde görkezýärdiler we netijede has az töleg geçirýärdiler. Elbetde, bu hile üçin gaz işgärine para bermeli bolýardy” diýip, baýramalyly ýaşaýjylaryň biri 29-njy maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Soňky birnäçe gün bäri geçirilýän barlaglaryň netijesinde kimiň ýyladyşhanasynda ölçeýji oturdylmadyk bolsa, ýa-da kimdir biriniň hasap kitabyndaky görkezijileriň üýtgedilendigi barada şübhe dörese, olar prokuratura soraga çekilýär.

“Sülçüler bu hile üçin uly jerimäniň bardygyny duýdurýarlar we anyk haýsy gaz işgärine para berendigini anyklaşdyrmagy talap edýärler. Mundan başga-da, sülçüler hususy ýyladyşhana eýeleriniň goňşularyny sorag edýärler. Olardan goňşularynyň näçe wagtdan bäri ýyladyşhanasynda bakja önümlerini ýetişdirýändigini, ýa-da tersine ýyladyşhana sökülen bolsa, onuň haýsy wagtdan ulanylmaýandygyny takyklaşdyrýarlar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Prokuraturanyň Baýramaly etrabynda geçirýän barlaglary barada, adatça bolşy ýaly, resmi derejede maglumat berilmeýär. Bu barada sebitiň kanun goraýjy edaralaryndan, häkimliklerinden hem kommentariýa almak başartmaýar.

Türkmenistanyň hökümet mejlislerinde tebigy gazdan tygşytly peýdalanmak barada wagtal-wagtal umumy gürrüňler edilýär.

Öý şertlerinde kiçi ýyladyşhanalary bolan daýhanlar, ýurtdaky höküm sürýän agyr ykdysady krizisiň arasynda, özleriniň bazar bolçulygyny döretmek ugrundaky tagallalaryna hökümet tarapyndan hemaýatyň berilmeýändigini, eger-de soralýan ähli tölegleri geçirseler, onda girdejiden çykdajylarynyň köp bolýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk mundan öň, hususy ýyladyşhana eýeleriniň, çekýän dowamly zyýanlary sebäpli, bu usul arkaly bakja önümlerini ýetişdirmekden köpçülikleýin el çekip başlandyklary barada ençeme tapgyr maglumat beripdi.

Munuň netijesinde, ýurduň bazarlarynda onsuzam dowamly gymmatlaýan bakja önümleriniň, şol sanda pomidoryň we hyýaryň dagy bahalary telim esse ýokarlanypdy.

Marydaky habarçymyz harçlanan gazynyň möçberini azaldyp hasaba alan gaz işgärleriniň biri bilen hem söhbetdeş bolmagy başardy. Anonimlik şertinde maglumat beren hünärmen agyr ykdysady ýagdaýlara salgylanyp, özüniň baş goşan korrupsiýa amallaryna düşündiriş bermäge synanyşdy.

Onuň sözlerine görä, gaz edarasy olaryň beýleki etraplaryň hojalyklaryny gapyma-gapy aýlanmak üçin goşmaça pul bermeýär, galyberse-de gündelik 400-500 manat möçberinde ýolbaşçylaryna näresmi plan bermek talap edilýär. Ol bu ýagdaýlarda resmi taýdan alýan zähmet haklarynyň aglabasynyň diňe iş harajatlary, tutumlary üçin gidýändigini öňe sürdi.

Azatlyk bu aýdylanlary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmedi. Şeýle-de bularyň mümkin jenaýata baş goşmak üçin nä derejede delil bolup biljekdigi aýdyň däl.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri ilatyň azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy uly mesele bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России





Москва

Одна из целей неофашистского Азербайджана - уничтожение Христианства


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Валерий Гергиев

Пасхальный фестиваль под руководством Гергиева пройдёт 7 мая в Челябинске




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве

В 6-м туре женского «командника» в Сочи шахматная сборная Москвы разгромила краснодарок, а «Сима-ленд» справилась с Татарстаном


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


News Every Day

Driving Los Angeles 8K HDR Dolby Vision - USC to Manhattan Beach



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России