Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Aşgabat – Daşoguz gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir aýal, bir çaga, jemi dört adam öldi

0

Aşgabat – Daşoguz awtomagistralynyň ugrunda 1-nji iýunda iki awtomobil ulagynyň pete-pet çakyşmagy netijesinde bolan ýol hadysasynda dört adam heläk boldy.

Ýol heläkçiligi 560 kilometr töweregi uzynlygy bolan gara ýoluň takmynan 270-280-nji kilometrleri aralygynda bolup geçdi. Ýol hadysasyna uçran ýeňil awtoulaglaryň biri hususy taksi bolup, wakada her ulagdan bir sürüji we bir ýolagçy heläk boldy.

“Heläk bolan ýolagçylaryň arasynda bir aýal we 13 ýaşly bir çaga hem bar” diýip, Azatlyk Radiosynyň wakadan habarly çeşmesi 7-nji iýunda maglumat berdi.

Ýol hadysasy penşenbe güni gijöýlän sagat 17:30 töwereklerinde bolup geçýär. Waka barada başga jikme-jiklik ýok, ýöne sürüjiler awtomagistralyň “sandan çykan” halynyň, ýoldaky çukanaklaryň köçe-ýol hadysalaryna sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Awtomobil ýolunyň ýagdaýynyň erbet bolmagy ýol hadysasyna sebäp boldy. Aşgabat – Daşoguz awtomagistralynyň diňe bir tarapy ulaglara hyzmat etmäge ýaramly, ýoluň beýleki ýarysy hatardan çykypdyr. Ýolda tas her bir metrden çukurlar peýda bolupdyr” diýip, sürüjiler aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi ýolda emele gelen çukurlary ýamamak üçin, ýol-gurluşyk edaralarynda 2019-njy ýyldan bäri hiç hili asfalt ýa-da başga ýol-gurluşyk harytlarynyň berilmändigini aýdýar.

Aşgabat – Daşoguz awtomagistraly 2000-nji ýyllaryň başlarynda ulanylmaga berildi. Şonda ýoluň bir tarapynyň gurluşygy tamamlanypdy, beýleki tarapynyň gurluşygy ýarym galdy.

“Häzir hem ýoluň diňe bir tarapy halka hyzmat edýär” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti gara ýoluň ikinji tarapynyň gurluşygyny tamamlamaga howlukmady. Azatlyk Radiosynyň çeşmelerine görä, Türkmenistanyň ikinji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda bu ýoluň ikinji tarapynyň gurluşygyny tamamlamak üçin serişde bölünip berilmändir.

Aşgabat – Daşoguz magistralynyň üsti bilen üstaşyr ýük ulaglary hem gatnaýar. Sürüjiler magistralyň ugrunda tas her aý diýen ýaly heläkçilikli ýol hadysalarynyň hasaba alynýandygyny aýdýarlar.

Ýük ulag we taksi sürüjileri gurluşygy doly tamamlanmadyk ýolda öz janlarynyň elmydama howp astynda galýandygyny, töwekgelçilik edip bu ýolda gatnamaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Awtoulag sürüjileri hökümetden Aşgabat – Daşoguz gara ýoluny abatlamagy, ýoluň ikinji tarapynyň gurluşygyny tamamlamagy talap edýärler.

Türkmenistanyň bäş welaýaty Türkmenabat – Aşgabat, Türkmenbaşy – Aşgabat we Daşoguz – Aşgabat gara ýollary arkaly ýurduň paýtagtyna seplenýär.

Demirgazyk sebit bilen paýtagtyň arasyndaky awtomagistral Garagum çölüni kesip geçýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň çäginde hasaba alynýan ýol hadysalary barada halka hasabat bermeýär.

Diňe Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde azyndan 24 adamyň ýol hadysalarynda heläk bolandygyny habar berdi.

Azatlygyň habar beren ölüm hadysalarynyň aglaba bölegi Aşgabat – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda bolup geçdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna görä, fewralyň ahyrynda Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde ýedi adam, Daşoguz welaýatynyň Bedirkent daýhan birleşiginde 5-nji aprelde bolan ýol hadysasynda kämillik ýaşyna ýetmedik üç mekdep okuwçysy, Aşgabadyň 30-njy etrapçasynda 27-nji aprelde bolan ýol hadysasynda bir adam, 29-njy aprelde Farapda bolan ýol hadysasynda iki adam, 15-nji maýa geçilen gije Aşgabadyň On ýyl abadançylyk köçesinde bolan ýol hadysasynda ýedi adam heläk ýoldy. Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda azyndan 24 adam ýol heläkçiliginde wepat boldy.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurtda hasaba alynýan köçe-ýol hadysalary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

Вадим Арутюнов и его книга «Записки странствующего армянина»


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Песня

Рекламная Афиша Песни, Сингла, Альбома. Рекламная Афиша Автора или Исполнителя.




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Сезон 2024 года открыт!

Спортсмены Росгвардии завоевали более 10 медалей на международных и российских соревнованиях по плаванию

Петербургский «Зенит» стал чемпионом Единой лиги ВТБ


WTA

Потапова и Павлюченкова вышли в полуфинал турнира WTA в Мадриде в парном разряде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Изменение климата обойдется человечеству в 35 трлн долларов в год



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России