DIM: Täjigistanda ÝYB-e girmek mümkinçiligine seredilmeýär
Täjigistanyň häkimiýetleri häzirki wagtda ýurduň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (ÝYB) goşulmak meselesine garamaýarlar diýip, TASS habar gullugy Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumat we metbugat bölüminiň başlygy Şohin Samadä salgylanyp habar berdi.
Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 5-nji iýunda Russiýanyň 201-nji harby bazasyna eden sapary wagtynda täjik häkimiýetleriniň "Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine girmegiň özlerine getirjek peýdalaryny ahyry ýakyn wagtda özleriniň kesgitlemegine" umyt bildirdi.
Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekiliniň anyklaşdyrmagyna görä, taraplar Täjigistanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine goşulmagy baradaky meseläni 6-njy iýunda respublikanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen, daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen geçirilen gepleşiklerde düýpden maslahatlaşmandyr.
“Täjigistanyň ÝYB-e goşulmagy meselesi gün tertibinde durmaýar. Duşenbede geçirilen duşuşyklarda diňe söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebit howpsuzlygy, şeýle-de iki ýurduň halkara guramalarynyň çäginde özara gatnaşyk etmek meselelerine üns berildi" diýip, Şohin Samadi TASS-a aýtdy.