Türkmen gümrüginiň başlygyna berk käýinç berildi
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewe berk käýinç yglan etdi.
Bu käýinç Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 5 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işlerine bagyşlanan mejlisde berildi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisde temmäki önümleriniň bikanun ýurda getirilmegine we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
Resmi habara laýyklykda, gümrük gullugynyň başlygy wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde kemçilik goýberipdir. Emma onuň anyk nähili kemçilik goýberendigi aýdylmaýar.