Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

"Beýni syzmagy" Täjigistanyň ykdysadyýetine $80 milliarda golaý zyýan ýetirdi

0

«Beýni syzmagy» Täjigistanyň ykdysadyýetine 80 milliard dollara golaý möçberde zyýan ýetirdi, şeýle-de bolsa, bu ýitginiň öňüni almak üçin, hiç hili çäre görülmeýär. Şol wagtyň özünde, Russiýa ýokary derejeli hünärmenleri çagyrýar we olary iň gowy şertler bilen üpjün edýär.

Bir hünärmeni ýitirmek 300 müň dollara deň

Täjigistanyň hünärmenleriniň ýurduň daşyna çykmagyndan gelýän umumy zyýanyň möçberi geçen hepdede Duşanbe şäherinde "Bilim we saglygy goraýyş ulgamyny kadrlar-hünärmenler üpjün etmegiň ýagdaýy" ady bilen geçirilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde yglan edildi.

Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Ykdysadyýet we demografiýa institutynyň Ilatyň migrasiýasy bölüminiň başlygy Anwar Boboýew şeýle diýdi: «BMG-niň metodologiýasyna görä hasaplamalar bir hünärmeniň ýitirilmegi döwlet üçin 300 müň dollaryň harç edýändigini görkezýär. Şeýlelikde, 266 müň adamdan ybarat hünärmeniň ýurtdan çykmagyndan gelýän zyýanyň 79 milliard 800 million dollara barabardygyny görkezýär».

‘Tegelek stol’ başyndaky söhbetdeşlikde, "beýni syzmagynyň" iň ýokary derejesiniň medisina ulgamyna degişlidigi aýdyldy. Häzir Orsýetde on müňlerçe täjik lukmanlary işleýärler we olar ýurduň ýeňilliklerinden peýdalanýarlar. Olaryň diňe bir aýlyk haklarynyň azlygy sebäpli däl, eýsem başga ýagdaýlar sebäpli-de ýurtdan çykyp gidendikleri nygtaldy.

Täjigistanyň Döwlet medisina uniwersitetiniň wekili Said Abdullozoda şeýle diýdi: «Täjigistandan giden lukmanlar bilen geçirilen sorag-jogap esasynda gelnen netijä görä, ýurtdan gitmäge iteren sebäpleriň biri düzgün-nyzam we kanun goraýjy edaralaryň olaryň işleri dogrusynda alyp barýan irginsiz gözegçilik çäreleri bolupdyr. Häzirki wagtda lukmanlar we mugallymlar jemgyýetiň iň ejiz bölegine öwrüldiler».

"Iş wagtynda geçirilýän barlaglar – nädogry çemeleşme"

Täjik lukmanlarynyň ýurtdan çykmak prosesi barha güýçlenýär, sebäbi olaryň aýtmagyna görä, medisina işgärleriniň problemalary ýyl saýyn diňe artýar.

«Lukmanlaryň Täjigistandan çykyp, Orsýetiň şäherlerinde we sebitlerinde, şeýle hem beýleki ýurtlarda iş tapmaklarynyň esasy sebäbi aýlyk haklarynyň az bolmagy bilen baglanyşykly diýip hasap edýärin. Ikinjiden, ýangyn söndürijiler, sanitar-epidemiologiýa beketleri, döwlet dermanhana gullugy we ş.m. tarapyndan hiç bir zerurlygy bolmadyk manysyz barlaglar köp. Ol barlaglar iş sagatlarynda geçirilýär, bu nädogry» diýip, Russiýada ýaşaýan täjik lukmany Hurşed Zaripow aýdýar.

Häzirki wagtda Täjigistan döwlet medisina uniwersitetinde 100-den gowrak mugallym ýetmezçilik edýär. Ýagny lukmanlaryň täze neslini terbiýelemeli adamlar ýetenok.

Täjigistandan lukmanlaryň gitmegi ýurduň köp sebitlerinde medisina işgärleriniň ýetmezçilik edýän wagtynda ýüze çykýar. 2020-nji ýylda täjik häkimiýetleri ýurtda 6 müňden gowrak wraçyň we şepagat işgärleriniň ýetmezçilik edýänini habar berdiler. Ýurduň prezident Emomali Rahmon bolsa 2021-nji ýylyň dekabrynda halka ýüzlenen maglumatynda, soňky 30 ýylyň dowamynda 187 müň ýokary we orta derejedäki medisina işgärleriniň tälim alandygyny aýtdy.

Duşanbe şäherinde geçirilen ‘tegelek stol’ gepleşigine gatnaşyjylar häzirki ýagdaýy kynçylyk däl-de, betbagtçylyk diýip atlandyrdylar.

Olar bilim pudagynda we saglygy goraýyş ulgamynda bar bolan kynçylyklary çözmek üçin, halkara hünärmenleriniň we ösüş baradaky hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy bilen gaýragoýulmasyz özgertmeleri geçirmek zerur diýip hasap edýärler. Şeýle hem medisina we bilim ulgamynda işleýän işgärleriň aýlyk haklaryny düýpli artdyrmak, hünärmenlere ýeňillikler bermek teklip edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: Москва завершает переход на новый стандарт экстренной медпомощи





Москва

В Москве наградили победителей Международного профессионального конкурса НОПРИЗ на лучший проект – 2023


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин: Развиваем систему здравоохранения



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Rammstein

Минкульт Калининградской области отказался отменять шоу «Tribute Rammstein»




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Шествие трубачей и уроки танцев: что ждет посетителей парков Москвы в майские праздники

Спортсменка из Бутово выиграла «золото» на турнирах по художественной гимнастике

В Москве завершился Кубок России по спортивному программированию


WTA

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Новости 24 часа

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России